2023-nji ýylyň 1-16-njy maýy aralygynda Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezlerinde Adamyň hukuklary boýunça Ählumumy Jarnamanyň 75 ýyllygy, Wena Jarnamasynyň we hereketler Meýilnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara hukuk kadalarynyň sazlaşykly ösüşi” atly okuw maslahatlary geçirildi.
Okuw maslahatlaryna birnäçe ministrlikleriň, pudak we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatlaryň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde taýýarlanan “Adam hukuklary boýunça halkara resminamalaryň” ýygyndysynyň döwlet dilindäki neşiri tanyşdyryldy. Şeýle-de maslahatlarda Adam hukuklary babatdaky milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy; adam hukuklary çygrynda BMGÖM bilen hyzmatdaşlyk; BMGÖM gender deňligi strategiýasynyň esasy düzgünleri, ýaly temalar boýunça çykyşlar edildi.
Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly taslamanyň çäklerinde guraldy.
Agzalan tema boýunça okuw maslahatlary 2-nji maýda Mary, 5-nji maýda Daşoguz, 9-njy maýda Lebap, 12-nji maýda Balkan, 16-njy maýda Ahal welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirildi.