TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Adam hukuklaryny ösdürmek boýunça «Hytaý – Merkezi Aziýa» 2026 forum

Adam hukuklaryny ösdürmek boýunça «Hytaý – Merkezi Aziýa» 2026 forum

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde Adam hukuklaryny ösdürmek boýunça «Hytaý – Merkezi Aziýa» 2026 forumy geçirildi. Forum Hytaýyň adam hukuklaryny ösdürmek boýunça gaznasy we Özbegistan Respublikasynyň adam hukuklary boýunça milli merkezi tarapyndan bilelikde gurnaldy.

Forumyň esasy temasy «Ýokary hilli ösüş arkaly adam hukuklary çygrynda öňegidişligi bilelikde ilerletmek» diýlip kesgitlendi.

Çäräniň dowamynda üç sany tema boýunça bölümçeler hereket etdi:

‒        Ösüşe bolan hukugy durmuşa geçirmek maksady bilen garyplygyň azaldylmagy we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrylmagy baradaky taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça hyzmatdaşlyk.

‒        Ekologiýany goramak, ýaşyl ösüş we adam hukuklaryny goramak.

‒        Adam hukuklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen sanly intellektual tehnologiýalaryň ilerledilmegi ugrunda bilelikdäki iş.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty Döwlet Çarymyradowiç Amanmyradow foruma gatnaşyp, plenar maslahatda Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklary çygryndaky hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary barada çykyş etdi.

Adam hukuklaryny ösdürmek boýunça «Hytaý – Merkezi Aziýa» forumynyň netijesinde Taşkent başlangyjy atly jemleýji resminama kabul edildi.

Bu forum Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda adam hukuklary çygrynda tejribe alyşmaga we özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşar.