Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurudumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparyň 2023-nji ýylyň 6 aýynda ýerine ýetiren işiniň netijeleri, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçiren giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny nygtamak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek baradaky, şeýle-de dürli halkara çäreleri guramak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary bellenildi.
Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi.
Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme bermek, milli maksatnamalaryň taslamalaryny, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmek toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar. Milli kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna hem mejlisde üns berildi.
Şunuň bilen birlikde, ilatyň bu möhüm ugur boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesini durmuşa geçirmek üçin Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky adam hukuklary boýunça maglumat merkezlerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetlidigini çykyş edenler bellediler.
Milletler Bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolmak bilen, ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgütlerini tapmaga işjeň gatnaşýar. Soňky ýyllarda BMG bilen hyzmatdaşlyk boýunça toplanan tejribäniň üsti yzygiderli ýetirilýär. Türkmen tarapynyň sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolan başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi abraýly düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hem-de maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändiginiň beýany bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky karary bilen “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynyň” tassyklanylmagy bilen, bu milli meýilnamany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryna mejlise gatnaşyjylar aýratyn üns berdiler. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, BMG-niň çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynyň we çagalaryň bähbidine gönükdirilen beýleki ylalaşyklaryň ýörelgelerine esaslanýar.
Çagalaryň ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna, olaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyň esasy ugurlary Milli meýilnamada öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde çykyş edenler ýurdumyzyň ýaş raýatlary hakyndaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar. Oňa laýyklykda, çagalaryň sazlaşykly ösüşine, beden taýdan sagdynlygyna, ýokary bilimli bolup ýetişmegine, olaryň durmuşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň ýurduň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny üpjün etmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edýändigini tassyklaýar. Bu ugur boýunça ýerine ýetirilýän işler barada berilýän hasabatlar döwletimiziň ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Pudagara toparynyň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.