2023-nji ýylyň 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň guramagynda Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň 75 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tegelek stol maslahaty geçirildi.
Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary bоýunçа Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (ОНСНR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekiliýeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hereket edýän guramalarynyň wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Bitarap Türkmenistanda Adam hukuklary çygrynda durmuşa geçirilýän işler barada pikir alşyldy. Maslahatda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigini nygtadylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň adam hukuklaryny kepillendirýändigini, hukuklary amala aşyrmak üçin döwrebap sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny bellediler.