2024-nji ýylyň 31-nji oktýabry we 1-nji noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Administratiw hukugy boýunça XV halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hukukçy hünärmenleri we alymlary we halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň temasy – “Administratiw hukugy we tejribe: häzirki ýagdaýy hem-de geljekki wezipeler”. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde bazar ykdysadyýeti şertlerinde administratiw kanunçylygyny kämilleşdirmek bilen bagly döwrebap meselelere garaldy. Halkara maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda administratiw ýustisiýanyň ornaşdyrylyşy; Dürli ýurtlarda administratiw iş ýörediş hukugynyň ösüş ugurlary; jemagat hukugynyň ýuridiki şahslary; Administratiw iş ýöredişine kazyýet gözegçiligi ýaly ugurlar boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi we alymlaryň, hünärmenleriň arasynda pikir alyşmalar guraldy. Dürli döwletlerde administratiw hukugyna, administratiw iş ýöredişine innowasion çemeleşmeler, täze garaýyşlar beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda raýatlara döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde sanly ulgamlary ulanmak bilen administratiw gatnaşyklaryň döwrebap guralmagy hakyndaky soraglara esasy üns berildi.
Bu halkara maslahatyna dokuz döwletiň alymlary we hünärmenleri, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Konstitusion kazyýetiniň agzalary, milli Parlamentiniň deputatlary, Ýokary Kazyýetiniň kazylary, Adam hukuklary boýunça toparyň, Adalat ministrliginiň, ylmy institutlaryň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynda “Türkmenistanda administratiw ýustisiýanyň ornaşdyrylyşy we ösüşiniň esasy ugurlary” atly tema boýunça türkmen wekilýeti çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş Kodeksi tassyklandy we 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizildi. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şonuň esasynda hem, ilata hyzmat edýän döwlet edaralarynyň işine sanly tehnologiýalar girizilýär.
Şeýle hem, maslahatda birnäçe nazary we amaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ähli gatnaşyjylar maslahatlaryň örän peýdaly geçendigini bellediler.