2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara syýasatda möhüm orny bolup, ol häzirki zaman gün tertibini emele getirmäge oňyn täsir edýär, abraýdan we hyzmatdaşlarynyň ykrar etmeginden peýdalanýar. Muny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 25 sany Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň tassyklaýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gutlagynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň döredilmeginde we berkidilmeginde, onuň mümkinçilikleriniň açylmagynda, geografiýasynyň hem-de iş ugurlarynyň giňeldilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygyny belledi.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňden görüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.
Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärleri ne “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem boldy.