2026-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Matilda Bogner bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan ykrar edilen, Adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň, BMG-niň adam hukuklary boýunça Komitetleriniň jemleýji maslahatlarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen geljekde alnyp barylmagy meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşyldy.