Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” ylmyamaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyn 2024-nji ýylyn 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetinin gin işleýin mejli sindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barlan işlerin jemlerini jemledi hem-de ýurdumyzyn daşary syýasatynyn möhüm ugurlaryny, 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyn doglan gününin 300 ýyllygynyn ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ginden bellenilendigine aýratyn üns çekildi. Bu şanly senä bagyşlanyp, köp sanly halkara derejeli çäreler guraldy. Şunda Aşgabatda “Döwürlerin we siwilizasiýalaryn özara arabaglanyşygy — parahatçylygyn we ösüşin binýady” atly halkara forumyn geçirilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Şunun bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyn Bitaraplygynyn şanly 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyn Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyn “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän gin gerimli çärelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyn netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçir- mekde ýurdumyzyn Daşary işler ministrliginin we diplomatik wekilhanalarynyn alyp barýan işlerinin möhüm ugurlaryny kesgitledi.
Okyjylaryn dykgatyna “Türkmenistanyn Kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetin syýasy ulgamynda” atly makala hem hödürlenilýär. Makala Kärdeşler arkalaşyklarynyn esasy maksatlaryna we wezipelerine, türkmen halkynyn Milli Lideri, Türkmenistanyn Halk Maslahatynyn Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyn baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik, durmuş-ykdysady özgertmelerde olaryn eýeleýän ornuna bagyşlanypdyr. Makalada bu iri jemgyýetçilik birleşiginin ýerine ýetirýän işlerinin kanunçylyk binýady we düzümi barada maglumatlar getirilýär. Nygtalyşy ýaly, 1991-nji ýylda Türkmenistanyn döwlet Garaşsyzlygynyn jar edilmegi, Watanymyzyn syýasy we jemgyýetçilik gurluşynyn üýtgemegi bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyn syýasy-durmuş wezipesi hem üýtgedi. Munun şeýle bolma- gyna ýurdumyzyn Halkara Zähmet Guramasynyn (HZG) doly hukukly agzasy bolmagy hem-de onun esas goýujy konwensiýalaryny tassyklamagy hem ýardam etdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyn Kärdeşler arkalaşyklarynyn Milli merkezi döwletin durmuş ugurly möhüm esaslarynyn has-da berkidilmegi ugrunda çykyş edýär, döwlet dolandyryş edaralary, iş berijilerin birleşikleri bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýar, işgärle- rin durmuş we zähmet hukuklaryna, bähbitlerine wekilçilik etmek, olary goramak meseleleri boýunça Kärdeş- ler arkalaşyklarynyn düzümleýin bölümlerinin tagallalaryny utgaşdyrýar hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirýär. Türkmenistanyn Konstitusiýasyna laýyklykda, adam ýurdumyzda jemgyýetin we döwletin in ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edildi. Şunun bilen baglylykda, Kärdeşler arkala- şyklarynyn Milli merkezi we ýerlerdäki kärdeşler guramalary her ýyl zähmet- keşlerin, olaryn maşgalalarynyn sag- lygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçir- ýär. Ýaşlar syýasaty alnyp barylýan işin möhüm bölegini emele getirýär.
“Maglumat howpsuzlygyny üp- jün etmegin kanunçylyk esaslary” atly makalada Berkarar döwletin tä- ze eýýamynyn Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimizin baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryn üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtalýar. Olarda sanlylaşdyrma, sanly çözgütlerin, öndebaryjy tehnologiýalaryn ornaşdyrylma- gyna wajyp ähmiýet berilýär. Şunun bilen baglylykda, makalada döwlet Baştutanymyzyn: “Innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öne alyp barýar” diýen sözleri getirilýär. Bu ugurda önde durýan wezipelerin üstünlikli ýerine ýetirilmegi eziz Diýarymyzyn hemmetaraplaýyn ösmegi üçin gin mümkinçilikleri döredýär. Şahsyýetin, jemgyýetin we döwle- tin durmuşynda aýratyn orun eýeleýän maglumatlar esasy serişdelerin biri bolup durýar. Şeýle-de Türkmenistan- da maglumata bolan hukugyn adamyn in möhüm konstitusion hukuklarynyn biridigi bellenilýär. Ýurdumyzda bu ulgamdaky gatnaşyklar Esasy Kanunymyz, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, kabul edilen konsepsiýalardyr maksatnamalar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunun bilen baglylykda, makalada häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşin aýrylmaz bölegi bolan maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegin ähmiýeti nygtalýar. Türkmenistanda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, degişli infrastrukturany, maddyenjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinin netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bularyn ählisi ýurdumyzyn ählumumy maglumat gin işligine işjen goşulyşmagyna, milli ykdysadyýetimizin halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyn artmagyna, halkymyzyn ýaşaýyşdurmuş derejesinin yzygiderli ýokarlanmagyna, umuman, Watanymyzyn gülläp ösmegine ýardam berýär.
Maglumat tehnologiýalarynyn Türkmenistanyn durmuş-ykdysady ösüşindäki ornuna bagyşlanan makalada häzirki döwürde ýurdumyzyn batly gadamlar bilen öne gitmeginde sanly özgertmelerin möhüm ähmiýetine üns çekilýär. Hut şonun üçin hormatly Prezidentimiz orta möhletleýin geljekde ykdysadyýetin dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalarynyn işjen ornaşdyrylmagyny, howpsuz pudaklaýyn infrastrukturanyn döredilmegini milli strategiýanyn ileri tutulýan ugurlarynyn hatarynda kesgitledi. Awtor durmuşyn ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ginden ornaşdyrmagyn aýdyn mysaly hökmünde türk¬men halkynyn Milli Lideri, Türkmenistanyn Halk Maslahatynyn Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyn başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherini görkezýär. Onun gurluşygynda ekologik jähetlere, dünýäde we jem- gyýetde ähmiýeti barha artýan “ýaşyl” tehnologiýalara aýratyn uly orun berlendigini bellemek gerek. Şeýle-de makalada sanly aragatnaşygyn, eme¬li anyn, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmagyn gündelik durmuşymyza batly depginler bilen ornaşdyrylýandygy beýan edilýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyn hukuk esaslaryny döretmäge aýratyn üns berilýär, bu ugurda hereket edýän kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunun bilen baglylykda, intellektual eýeçilik, sanly we intellektual hukuk, sanly howpsuzlyk ýaly düşünjelere üns çekilýär.
“Ekologiýa abadançylygy çygrynda Bitarap Türkmenistanyn halkara başlangyçlary” atly makalada tebigata aýawly garamak, onun baýlyklaryny gorap saklamak we tygşytly peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak işlerinin döwlet syýasatynyn ileri tutulýan ugry, ýurdumyzyn kanunçylygynyn, kabul edilen milli hem pudaklaýyn maksatnamalaryn aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyn baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän gin gerimli işler bu ugurda önde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistan BMG-nin daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyn onlarçasyna goşulmak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyn möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyn pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
“Magtymgulynyn döredijiliginde watançylyk terbiýesinin ýörelgeleri” atly makala hem okyjylaryn ünsüni özüne çeker. Makalada bellenilişi ýaly, beýik şahyryn halkymyzyn gadymdan gelýän däplerini özünde jemleýän edebi mirasy mugallymlar we beýleki bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyn adamlaryn asylly häsiýetlerinden söz açýan şygyrlary ýaş nesli watançylyk, ýokary ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şunun bilen baglylykda, makalada beýik söz ussadynyn döredijiliginin, parasatly öwüt-nesihatlarynyn hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýändigi nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyn we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyn tagallalary netijesinde häzirki wagtda Magtymgulynyn edebi mirasy halkara derejede ginden wagyz edilýär.
Neşirin sahypalarynda Türkme- nistanyn Kärdeşler arkalaşyklarynyn Milli merkezinin hem-de Türkmenistanyn Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyn bilelikde guramagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyn yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary”, şeýle hem Türkmenistanyn Daşary işler ministrliginin Halkara gatnaşyklary institutynyn guramagynda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag üstaşyr geçelgelerinin mümkinçilikleri” atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşiklerin jemlerine bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Bäsleşiklerin netijeleri 2024-nji ýylyn 7-nji dekabrynda Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyn hemişelik Bitaraplygynyn 29 ýyllygy we Adam hukuklarynyn halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk maslahatynda jemlenildi. Şeýle-de bu bölümde 2025-nji ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryn bäsleşiginin yglan edilýändigi barada- ky maglumat köpçülige ýetirilýär.
Žurnalyn nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda 2024-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.