Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary şöhlelendirildi.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň gişişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutany myz çykyşynda: “Däp bolşy ýaly, biz Täze ýylyň öň ýanynda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek, geljekde öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin duşuşýarys. Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys” diýip belleýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda bir agyzdan kabul edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny”, “Bütin dünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamalar, şeýle hem biziň ýurdumyzyň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagy muny aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çykyşynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Ýurdumyzyň hödürlän “Ahal teke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi”, Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm waka boldy. Onda biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermegiň we ony tutanýerli öňe sürmegiň zerurdygy bellenildi. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Biz bu guramanyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk eýereris. Aýratyn-da, döwletara dialog üçin esas hökmünde Milletler Bileleşiginiň ornuny dikeltmek hem-de berkitmek işlerini alyp bararys diýip, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda nygtady.
BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy A.Seýitliýewanyň “Ilat gaznasy we Ösüş boýunça halkara maslahatyň 30 ýylly gy” atly makalasy hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Awtoryň belleýşi ýaly, ösüş biziň ymtylýan dünýämizi aýdyň görmegimizi talap edýär. Maşgalany howpsuz, erkin meýilleşdirmäge bolan mümkinçilik adamyň hukuklarynyň biri bolup durýar hem-de gender deňligini üpjün etmekde, her bir adamyň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmekde esasy orny eýeleýär. Makalada Ilat gaznasynyň we Ösüş boýunça halkara maslahatyň esasy maksatlaryna aýratyn üns çekilýär. Onuň 30 ýyllygy 2024-nji ýylda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde bellener.
“Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi — parahatçylygyň we döredijiligiň kepili” atly makala Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Makalada ýurdumyzyň bu şanly senäni parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigindäki dostlary, hyzmat daşlary bilen özara hormat goýmak, düşünişmek ýagdaýynda belläp geçendigi nygtalýar. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga tarap synagdan geçen ugur ýurdumyzyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. “Adam hukuklaryny goramak işi”, “Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygy we milli kanunçylygyň ösüşi”, “Intellektual eýeçiligiň milli we halkara hukuk esaslary” atly hukuk meseleleri boýunça birnäçe makalalar hem okyjylaryň ünsüni çeker. Olarda ýurdumyzda hereket edýän, kanunylyk, ähmiýetlilik, adalatlylyk, açyklyk ýörelgelerine esaslanýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üns çekilýär.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde milli kanunçylyga halkara hukugyň kadalarynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygy bellärliklidir. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Žurnalda 2024-nji ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň geçirilýändigi baradaky bildiriş hem-de onuň geçen ýyldaky jemleri ýerleşdirilipdir. Konstitusion özgertmeleriň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda, olara girizilýän kadalarda raýatlaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl bäsleşik yglan edýär.
Däp bolşy ýaly, neşir “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylaryň dykgatyna abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara, mejlislere hem-de beýleki çärelere berlen syn hödürlenýär.