Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň, şeýle hem hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary beýan edildi.
Çap edilen makalalaryň esasylarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78nji sessiýasyndaky çykyşyny görkezmek bolar. Çykyşda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýän ýurdumyzyň strategik orny öz beýanyny tapýar. Ýokary derejeli forumda ýurdumyzyň täze netijeli başlangyçlary, hususanda, BMGniň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, “Hazar ekologik başlangyjyny” döretmek, “Bütindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMGniň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak baradaky we beýleki başlangyçlary beýan edildi.
Şeýle hem neşiriň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşy getirilýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmäge, ýurdumyzy durmuşykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläkde hemmetaraplaýyn ösmegi, özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe gitmegi bilen bagly ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Okyjylar köpçüligine hödürlenilýän makalalaryň hatarynda ÝUNISEFniň ýurdumyzdaky wekili Mohammad Faýýaziniň «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy: Türkmenistanyň çagalary üçin durnuklylyk we täze netijeler» atly makalasy ünsi çekýär. Awtoryň belleýşi ýaly, bu resminama hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023nji ýylyň 21nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanylyp, ol döwletimiziň çagalaryň hukuklary, ösüp gelýän ýaş nesil babatda BMGniň esas goýujy taglymatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygynyň beýany boldy.
«Halk Maslahaty — demokratiýanyň ösüşiniň gözbaşy» atly makalada Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň ähli gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçiliksyýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaranyň esasy wezipelerine üns çekilýär. «Hünärmenleri taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlary» atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Onda häzirki zamanyň durmuşykdysady ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan ylym, bilim, öňdebaryjy tejribeler barada gürrüň edilýär. Makalada nygtalyşy ýaly, milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde duran esasy wezipe watansöýüji, ýokary hünär başarnykly ýaşlary kemala getirmekden, ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Birnäçe makalalar «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly bäsleşige hödürlenipdir.
«Türkmenistan — Halkara Zähmet Guramasy: 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk» atly makalada bu halkara düzüm bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhy şöhlelendirilýär. Makalada zähmet gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryndaky halkara kadalary gurşap alýan konwensiýalar we maslahatlar barada gürrüň edilýär. Olar mejbury zähmeti, zähmet çekýänleriň kemsidilmegini gadagan etmäge, eneligi, ýaşlaryň zähmetini goramaga, kärdeşler arkalaşygynyň erkinligini üpjün etmäge hemde gender deňligini nazara almak bilen, zähmete hak tölemek meselelerinde işler, kepillikler babatda hukugyň goraglylygyny, deňhukuklylygy üpjün etmäge we başgalara gönükdirilendir. Makalada Türkmenistanyň bu ugurda öz üstüne alan borçnamalara gyşarnyksyz eýerýändigine aýratyn üns çekilýär.
Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawy we adamyň ekologik hukuklaryny goramak häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdeleriň rejeli sarp edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. «Ekologik hukuk bozulmalar üçin administratiw jogapkärçilik» atly makala hem bu meselä bagyşlanypdyr. Onda degişli kanunçylykhukuk namalaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtalýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň durmuşykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde tebigy serişdelerden netijeli we aýawly peýdalanmak üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berýär.
Neşiriň nobatdaky sanynyň sahypalarynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak – wajyp wezipe» atly makala hem ýerleşdirilipdir. Onda daşky gurşawy ylmy taýdan öwrenmäge, tebigy baýlyklary, hususanda, türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň biri bolan Hazar sebitini gorap saklamaga gönükdirilen işler beýan edilýär. Nygtalyşy ýaly, Hazar sebitiniň, hususanda, onuň ekologik meseleleriniň çözülmegi köp babatda bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyga baglydyr. Makalada bu ugurdaky kabul edilen halkara ylalaşyklara we şertnamalara aýratyn üns çekilýär. Mundan başgada, makalada Hazar sebitiniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça özara bähbitli taslamalar bilen berkidilýän hyzmatdaşlygyň söwdaykdysady, ulaglogistika, syýahatçylyk, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeldýändigi bellenilýär. Bularyň ählisi Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak bilen bagly wajyp wezipäni amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Neşir “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, mejlisler, maslahatlar we beýleki çäreler beýan edilýär.