TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“DÖREDIJILIKLI ZÄHMET WE ADAM HUKUKLARY” ATLY BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

“DÖREDIJILIKLI ZÄHMET WE ADAM HUKUKLARY” ATLY BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

2025-nji ýylyň dekabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde gurnamagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanyp “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: döredijilikli zähmetiň we adam hukuklarynyň durmuşa geçirilişiniň ýörelgeleri” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,  “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşigiň ýeňijileri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda bäsleşikleriň netijeleri yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň başynda žurnal hem-de web saýtlar arkaly “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşik yglan edildi we bu bäsleşige ýurdumyzyň bilim, ylym edaralaryndan hukuk goraýjy ulgamlaryň hünärmenlerinden köp sanly makalalar gelip gowuşdy. Şol makalalaryň gowy hasaplananlary “Demokratiýa we hukuk” žurnalynda çap edildi. Bäsleşige gelip gowşan makalalaryň nazary we tejribe nukdaýnazardan has tapawutlananlaryny emin agzalary ýeňijiler diýip saýladylar.

 

 

Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda:

Aşgabat şäher prokuraturasynyň bölüm prokurory Göwher Hydyrowanyň “Ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň kanunçylyk esaslary” atly makalasy I orna;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy Gülşirin Hanowanyň “Parahatçylyk we ynanyşmak: Terbiýeçilik işiniň wajyp ýörelgesi” atly makalasy II orna;

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baş hünärmeni  Serdar Badaýewiň “Türkmenistanyň sport Kanunçylygynyň halkara Kadalary bilen sazlaşygy”  atly makalasy II orna;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewanyň  “Adamyň we raýatyň hukuklaryny goramakda adalatçynyň işiniň ähmiýeti” atly makalasy III orna;

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Myrat Kulyýewiň “Eýeçilik hukugyny amala aşyrmakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti” atly makalasy III orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hormat hatlary
hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.