TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA DUŞUŞYKLAR

GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA DUŞUŞYKLAR

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Aşagabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýaş çatynjalara berk maşgala ojagyny gurmak babatynda maslahat bermek boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Adalat ministrliginiň we garamagyndaky RÝNÝ müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi we welaýat geňeşleriniň wekilleri gatnaşdyrlar.

Duşuşyk Institut bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin “Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmegiň” Iş Meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.

Ýaş çatynjalaryň maşgala gymmatlyklary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak çäräniň esasy maksady boldy. Agzalan tema boýunça duşuşyklar 5-nji martda Mary welaýatynda geçirildi we 28-nji martda Lebap welaýatynda geçirmek meýilleşdirilýär.