2023-nji ýylyň 29-30-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly taslamanyň çäklerinde şeýle hem BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) bilen hyzmatdaşlykda döwlet gullukçylary üçin gender deňligine gönükdirilen dolandyryşyň okuw kurslaryny taýýarlamak boýunça okuw maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Adalat, Içeri işler, Bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Milli bilim institutynyň, Adwokatlar kollegiýasynyň we ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri şeýle hem halkara bilermen Bilýana Maletin gatnaşdylar.
Gender deňligine gönükdirilen dolandyryş boýunça döwlet gullukçylary üçin okuw kurslaryny taýýarlamaga ýardam bermek bu çäräniň esasy maksady boldy. Adam hukuklary boýunça okuw kurslaryny we okuw gollanmalaryny işläp taýýarlamak Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda göz öňünde tutulan.