TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA TEGELEK STOL MASLAHATLARY

GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA TEGELEK STOL MASLAHATLARY

2023-nji ýylyň 24-nji iýul 4-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ilat gaznasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly onuň ýerine ýetirilişiniň monitoringi boýunça “tegelek stol” maslahatlary geçirildi.

Tegelek stollar Institut bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky “Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek” atly 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň hem-de Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň arasyndaky meýilnamanyň çäklerinde guraldy. Maslahatlara Türkmenistanyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň şeýle-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine orta möhletleýin syn bermek tegelek stollaryň esasy maksady boldy.