TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

GERMAN HUKUGYNYŇ GÜNLERI

GERMAN HUKUGYNYŇ GÜNLERI

2023-nji ýylyň 5-9-njy iýun aralygynda Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly sebitleýin maksatnamasynyň we Germaniýanyň akademiki hyzmatdaşlyk gullugynyň (DAAD) ýardam bermeginde “German hukugynyň günleri” atly okuw kursy geçirildi. Bu okuwlar Gazagystanyň ynsanperwer hukuk uniwersitetiniň (KAZGUU) binýadynda gibrid görnüşinde geçirildi.

Kursa sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we  demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.  

Kursda Germaniýanyň konstitusion, administratiw, raýat, şertnamalaýyn, telekeçilik hukugyndan, hukugyň hökmürowanlygy, sanly ulgamlaryň kanunçylygyň ösüşine täsiri we birnäçe beýleki temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Diňleýjilere okuwlary üstünlikli özleşdirendigini tassyklaýan sertifikatlaryň berilmegi meýilleşdirilýär.