Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alnyp, şu ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgünde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurmagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – abadançylygyň, ösüşiň we demokratiýanyň dabaralanmagy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň kazylary we işgärleri, Mejlisiň deputatlary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk taryhy döwründe gazanan guwandyryjy daşary syýasy üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” filosofiýasyna esaslanýan ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan hoşniýetli hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýän milli kanunçylyk ulgamy dogrusynda çykyşlar edildi.
Milli hukuk ulgamynyň ösüşiniň özeninde, onuň binýatlaýyn düzgünlerinde häzirki zaman dünýäsiniň umumadamzat gymmatlyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär. Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeleýär we sebit meseleleri bilen bilelikde, dünýä meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşyp, olaryň sazlaşykly çözgüdini tapmak babatdaky köptaraplaýyn tagallalara ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimizi we merdana halkymyzy uly dabaralara beslenip giňden belleniljek ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!