TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Halkara ynsanperwer hukugyny ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň aktual meseleleri boýunça milli maglumat beriş-amaly maslahat

Halkara ynsanperwer hukugyny ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň aktual meseleleri boýunça milli maglumat beriş-amaly maslahat

2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda “1949-njy ýylyň Ženewa Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan Halkara ynsanperwer hukugyny ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň aktual meseleleri” atly maglumat beriş-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Maslahata Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mihail Rahmanaow we HGHK-niň halkara bilermenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Parlamentiniň, daşary işler, goranmak, adalat ministrlikleriniň, kazyýet, prokuratura edaralarynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şonuň bilen birlikde, maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çagyryldy.            

I bölümiň temasy "1949-njy ýylyň Ženewa Konwensiýalary. HYH-niň kadalaryny halkara derejesinde ösdürmegiň aktual meseleleri".

IIbölümiň temasy"Halkara ynsanperwer hukugyny milli derejede ornaşdyrmagyň aktual meseleleri" diýlip atlandyrylýar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň HYH-ny milli derejede ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şonuň bilen birlikde,Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmek boýunça alyp barýan işi hakynda çykyş diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar HYH-niň kadalaryny ilerletmek boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.