Şu ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen “Türkmenistanyň kazyýet hakynda kanunçylygynyň kämilleşdirilmeginde halkara tejribesiniň ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat örän täsirli boldy. Maslahata halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň wekilleri, deputatlar, kazylar, kazyýet işgärleri, ylmy işgärler hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy we kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan parasatly syýasaty ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goragynyň iň ýokary derejesini üpjün etmek bilen, kanunyň hökmürowanlygynyň has-da berkidilmegine gönükdirilendir.
Çykyş edenler: raýatlaryň kanuny bähbitleriniň goralmagy, hukuk kepillikleriniň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzy durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmegiň hem-de türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmagyň wajyp ugry bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, häzirki döwürde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen bilelikde geçirilýän işlere, şeýle-de halkara tejribeleri öwrenmäge aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.
Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary we öňdebaryjy dünýä tejribesi nazara alnyp 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň adyl kazyýetlik işiniň hilini has-da ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti dogrysynda çykyş edenler belläp geçdiler.
Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuk medeniýeti, Esasy Kanunymyza, kanunçylyk ulgamyna döwlet Baştutanyna bolan ynamy agzybirligi, jebisligi, maksada okgunlylygy, ruhybelentligi şertlendirýär.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.