TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

MILLI BAHAR BAÝRAMY MYNASYBETLI ÄHLIHALK DABARALARY

MILLI BAHAR BAÝRAMY MYNASYBETLI ÄHLIHALK DABARALARY

2023-nji ýylyň 21-22-nji martynda Türkmenistan döwletimiz Milli bahar baýramy bolan – Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Şu bahar günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän dabaralar gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury we ýylysy, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, ony aýdymdyr sazlar, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary peşgeş berýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: “Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär” diýip nygtady.

Mähriban halkymyzyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän, milli öwüşgine beslenen dabaralar Türkmenistanyň abadançylygyny, durnukly ösüşini, ýurdumyzyň parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmasyny alamatlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy diňe bir baharyň garşylanmagyny hem-de janlanýan tebigatyň dabaralanmagynyň nyşanyny alamatlandyrman, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, adamlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň hem jarçysydyr.