TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Pekinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatlary geçirilýär

Pekinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatlary geçirilýär

Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde oktýabr aýynyň 10-yndan 30-y aralygynda döwlet dolandyryş ulgamynda zerur bolan ukyp-başarnyklar, bu ulgamdaky wajyp wezipeler, dolandyryş usullary kämilleşdirmek baradaky gysga möhletli okuw maslahatlary geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem wekilleri gatnaşýarlar. Gysga möhletli okuwlaryň esasy diňleýjileri döwlet gullukçylary bolup, olardan ýerli öz-özüni dolandyrş edaralarynyň hünärmenleri, kanun çykaryjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik pudagynyň (uniwersitetler, medeniýet guramalary we ş.m.) hem-de ykdysadyýetiň jemgyýetçilik böleginiň wekilleridir.

Bu okuw maslahatlarynda döwlet edaralarynyň düzümi we olaryň wezipeleri, döwlet gullugynyň ýörelgesi, öz-özüňi kämilleşdirmek, wagty tygşytlamak ýa-da wagty dolandyrmak, emosional intellekt, işewür etikasy, sanlaşdyrma we emeli intellekt, şäher häkimlikleriniň durnukly ösüşi, köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplary we halkara protokoly ýaly ugurlar boýunça giň gerimli maslahat okuwlary geçirilýär. Şeýle hem, nazary bilim bilen birlikde amaly okuwlar, tegelek stol söhbetdeşlikleri göz öňünde tutulan.

Maksatnamanyň ähmiýeti bu giň döwletara hyzmatdaşlyga goşant goşmaga taýyn ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işinde wajyp orun tutýar.