TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

RAÝAT IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSINE YLMY-AMALY DÜŞÜNDIRIŞLERI TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ TOPARYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

RAÝAT IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSINE YLMY-AMALY DÜŞÜNDIRIŞLERI TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ TOPARYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-amaly düşündirişleri işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.  Mejlise ylmy-amaly düşündirişleri işläp taýýarlamak boýunça iş toparyň agzalary şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk arkaly halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-amaly düşündirişler halkara bilermenleri bilen bilelikde taýýarlanylýar. Olar nazaryýet we tejribe esaslary özleşdirmäge ýardam berer.

Düşündirişler kazylar, prokuratura edaralarynyň işgärleri, adwokatlar, hukuk gulluklarynyň hünärmenleri, aspirantlar, hukuk we ykdysady ugurlar boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, şeýle hem beýleki gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.