Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri 23 — 25-nji iýun aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň (UN DESA) guramagynda geçirilen döwlet gullugyny we dolandyryşy kämilleşdirmek boýunça halkara forumyna gatnaşdylar.
Forum döwlet gullugyny özgertmek, dolandyryşda sanly tehnologiýalary ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.
«Üýtgeşmeler arkaly dolandyryş: häzirki zaman döwlet gullugynyň strategiýalary» atly seminaryň çäklerinde türkmen wekiliýeti ýurtda sanly ykdysadyýetiň esaslaryny döretmek we bu ugurda hukuk kadalaryny işläp düzmek boýunça toplanylan tejribäni tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň wekilleriniň bellemegine görä, döwlet edaralarynda, kärhanalarda we guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Maddy-tehniki binýat görnetin pugtalandyrylyp, elektron resminama dolanyşyk ulgamy we iş usullarynyň täze görnüşleri girizildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary esasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň döredilmegi hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurtda sanly özgertmelere itergi berdi.
Bu toparyň maksady döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Kabul edilen çözgütleriň esasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde elektron resminama dolanyşygynyň ulgamlary hem-de resmi web saýtlary döredildi.
Sanly platformalaryň ösüşi Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy we 2021 – 2025-nji ýyllar üçin degişli çäreler meýilnamasy bilen tassyklanan Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Halkara forumynyň gün tertibi Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüşiň 17 Maksadyna ýetmek boýunça strategiýasyna laýyk geldi. Bu maksatlar resmi taýdan kabul edilip, milli meýilnamalara uýgunlaşdyryldy.
2024-nji ýylyň maý aýynda «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu mejlisde 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny taýýarlamak boýunça ýol kartasy kabul edildi.