TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň ösüşini ulgamlaýyn esasda kesgitleýän esasy resminamalaryň biridigini, şeýle hem onuň bilelikde alnyp barylýan işiň orta we uzakmöhletleýin maksatnamalaryna we meýilnamalaryna esaslanýandygyny bellediler.

Mejlisiň dowamynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýerine ýetirilişine gutarnykly baha bermek boýunça maslahatlara, agzalan resminamanyň amal edilişiniň netijeleri boýunça bäş Toparyň her biriniň ýerine ýetiren işlerine hem-de Çarçuwaly Maksatnamanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin indiki tapgyryny işläp taýýarlamak boýunça işe garaldy.