Çagalaryň hukuklary boýunça Komitetiň Ženewada bolup geçen 97-nji sessiýasynyň 2823-nji mejlisinde Türkmenistanda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti kanunçylyk özgertmeleri, çagalaryň goragy, saglygy goraýyş we bilim ýaly esasy ugurlar boýunça jikme-jik hasabatlaryny berdi. Komitet ýurtda çaganyň hukuklary bilen bagly ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça soraglary berip we maslahatlary öňe sürüp, wekiliýet bilen işjeň özara hereket etdi.
BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça
Komitetiniň 97-nji sessiýasynda Türkmenistan çagalaryň bilimini we goragyny gowulandyrmaga özüniň ygrarlylygyny görkezdi. BMG-nji bölüminiň ýanyndaky Hemişelik Wekil tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet Içeri işler, Bilim, Saglygy goraýyş ýaly esasy ministrlikleriň, Baş prokuraturanyň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerini öz içine alýardy.
Sessiýanyň barşynda wekiliýet diňe bir gazanylan üstünlikler barada hasabat bermän, eýsem geljekki ösüşiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp we soraglara jogap berip, Komitet bilen dialoglara işjeň gatnaşdy.
Bilime uly möçberde maýa goýumlar
Bilim ulgamyny maliýeleşdirmegiň artdyrylmagy ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy pursatlarynyň biri boldy. 2024-nji ýylda Bilim ministrligi üçin Türkmenistanyň döwlet býujeti 7,739,178.9 müň manada deň boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 9,3% köpdür. Býujetiň şular ýaly möçberde artmagy bilimiň hilini döwrebaplaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça tagallalaryny nygtap görkezýär, bu bolsa Türkmenistanyň durmuşy syýasatynyň möhüm elementleri bolup durýar.
Maliýeleşdirmegiň artdyrylmagy bilen birlikde Türkmenistan kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň üstünde hem işleri işjeň alyp barýar. Soňky ýyllarda “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşi, “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanun ýaly möhüm kanunçylyk namalary kabul edildi we täzelendi, şeýle hem Jenaýat kodeksine hem-de beýleki kanunlara düzedişler girizildi. Bu üýtgeşmeler çagalaryň hukuklaryny goramagyň we olaryň abadançylygyny üpjün etmegiň has netijeli ulgamyny döretmäge ýardam berýär.
Bilim maksatnamalarynyň we durmuş işiniň ösüşi
Bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegine we durmuş işi hem-de psihologiýa babatda hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “psihologiýa” we “ durmuş işi” ugurlary boýunça talyplary taýýarlamak işleri işjeň alnyp barylýar. Bu hünärler boýunça okaýan talyplaryň sanynyň artdyrylmagy ýurtda, aýratyn-da, obalarda we çet-gyraklarda psihologik taýdan goldawyň we durmuşy goraglylygyň ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanda “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşi kabul edilenden soňra, Bilim ministrligi bilim işiniň dürli jähtlerini düzgünleşdirmek üçin zerur bolan kanunçylyk namalaryny işjeň işläp düzmäge we ornaşdyrmaga başlady. 39 sany kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanyldy we ylalaşyldy. Olar bilim edaralaryny dolandyrmagy, okuw maksatnamalarynyň standartlaryny, mugallymçylyk düzümine talaplary we halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap we netijeli bilim ulgamyny döretmäge ýardam berýän beýleki möhüm jähtleri öz içine almak bilen, esasy ugurlary öz içine alýar.
Inklýuziw bilim we alternatiw ideg
Inklýuziw bilimiň ösdürilmegi Türkmenistanyň bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Ýurtda saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň okadylmagyny üpjün edýän 17 sany ýöriteleşdirilen mekdep hereket edýär. Bu mekdepler okuwçylaryň aýratyn zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan okuw maksatnamalaryny hödürleýärler, bu bolsa olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine we jemgyýete üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýär.Türkmenistanda inklýuziw bilim fiziki we intellektual aýratynlyklaryna garamazdan, ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bilimiň elýeterliligini we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy ýeňilleşdirýän kömekçi enjamlary we tehnologiýalary berip, maýyplygy bolan çagalary işjeň goldaýar. Munda ortopediýa önümlerini, eşitdiriş enjamlaryny we okatmak hem-de dikeltmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almagy maliýeleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahabat gaznasy möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Arkadag şäherinde çagalaryň toplumlaýyn lukmançylyk we psihologik kömegi alýan Saglygy dikeldiş merkezi hereket edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet aýratyn islegleri bolan çagalary okatmagy gowulandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary we uýgunlaşdyrylan okuw materiallaryny ornaşdyrýar.
Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda Ýöriteleşmeleriň Tehniki Transferiniň (ÝTT) işlenip düzülmegini goşmak bilen, bu tagallalar Türkmenistanyň ähli çagalar üçin deň mümkinçiligi bolan inklýuziw gurşawy döretmäge bolan ymtylyşlaryny nygtap görkezýär. Mundan başga-da, Türkmenistan çagalara alternatiw ideg etmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp düzýär we ornaşdyrýar. Ogullyga almagyň we maşgala hossarlygynyň hiliniň standartlaryna yzygiderli gözegçiligi we işläp düzmegi öz içine alýan çäreleriň meýilnamasy döwlet goldawyna mätäç çagalaryň ýaşaýyş şertlerini hem-de terbiýelenişini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu çemeleşme çagalaryň ösüşi we jemgyýete goşulyşmagy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär, bu bolsa ýurduň durmuş syýasatynyň möhüm elementi bolup durýar.
Harby mekdepler we gatnaşmagyň meýletinligi
Şonuň ýaly-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda Türkmenistanda hereket edýän harby okuw mekdepleri baradaky mesele hem galdyryldy. Bu mekdeplerde diňe oglanlar okaýarlar, olarda okamak meýletin bolup durýar. Bu okuw mekdeplerine girmek üçin bäsleşik diýseň ýokary bolup durýar, bu bolsa ýaşlaryň harby bilime gyzyklanmalarynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Bu mekdepleriň okuw meýilnamalary okaýanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen umumybilim, şeýýle hem ýöriteleşdirilen dersleri öz içine alýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň harby mekdepleri diňe bir ýokary hilli bilim bermän, eýsem pugta düzgün-nyzamy hem üpjün edýärler, bu bolsa, okaýanlaryň ýurduň Ýaragly Güýçlerinde geljekde gulluk etmeklerine üstünlikli taýýarlamaga ýardam berýär.
Heläkçilik töwekgelçiligini azaltmak we çagalaryň hukuklaryny goramak
“Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we SRB” atly temalar boýunça
14 250-den gowrak usulyýet gollanmalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda başlangyç we orta bilime howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak temasy üstünlikli girizildi. Bu temalar indi Tebigaty öwreniş, Ekologiýa, Geografiýa we Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda öwrenilýär. Bilim ministrligi ÝUNISEF-iň goldamagynda çagalaryň howanyň üýtgemeginden habarly bolmaklaryny ýokarlandyrmak üçin tomusky lagerler üçin usulyýet materiallaryny aldy. Bu temalary bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda öwrenmegiň arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin mekdebe çenli bilim üçin maksatnamalar we gollanmalar işlenilip düzüldi. Mundan başga-da, çagalaryň hukuklaryna nazarlanan Heläkçilik töwekgelçiligini azaltmagyň maksatnamasy, şeýle hem, Hereketleriň 2023-2030-njy ýyllar üçin köpýyllyk meýilnamasy işlenilip düzüldi we garamaga berildi. Bu resminamalar adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň hukuklaryny goramagyň halkara standartlarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Tutuş ýurduň mugallymlary howanyň üýtgemegi we heläkçilik töwekgelçiligini azaltmak bilen bagly temalary netijeli okatmak üçin hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.
Komitet bilen işjeň dialog
Sessiýanyň barşynda Türkmenistanyň ähli esasy ministrlikleriniň wekilleri çaganyň hukuklary boýunça Komitetiň dialoglaryna işjeň gatnaşdylar. Wekiliýet bilimi, saglygy goraýşy, durmuş taýdan goraglylygy we kanunçylyk başlangyçlaryny goşmak bilen, çagalaryň hukuklarynyň dürli jähtlerine degişli birnäçe soraglara jogap berdi. Wekiliýetiň agzalary ýurduň halkara standartlaryna we borçnamalaryna ygrarlydygyny nygtap, hereket edýän maksatnamalary we geljek üçin meýilnamalary jikme-jik düşündirdiler.
Türkmenistan çagalaryň bilimi we durmuş taýdan goraglylygy babatda gazanan uly üstünliklerini görkezdi. Muňa BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça Komitetiniň 97-nji sessiýasynda ýokary baha berildi. Dialoga işjeň gatnaşmagy we geljekki ösüşlere taýýarlygy ýurduň çagalaryň ýagdaýyny gowulandyrmagyň hem-de olaryň hukuklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işleri dowam etdirmek baradaky maksatlarynyň çynlakaýdygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen Türkmenistan özüniň bilim we durmuş ulgamlaryny pugtalandyrmagy dowam edýär. Bu tagallalar ýokary hilli bilimiň we durmuş taýdan goldawyň elýeterliligini üpjün edip, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi we abadançylygy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Aýratyn islegleri bolan çagalara inklýuziw bilim bermäge we şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär, bu bolsa ýurduň durnukly ösüş ýolundaky möhüm ädimdir.