Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasy öz işine başlady.
Çäräniň barşynda geçen sessiýalaryň dowamynda Ýerine ýetiriji geňeş we Baş konferensiýa tarapyndan kabul edilen çözgütleriň we kararnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly gün tertibiniň 30-dan gowrak meseleleriniň, maliýe, administratiw we beýleki soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Düýn, 14-nji oktýabrda Ýerine ýetiriji geňeşiň nobatdaky sessiýasynyň dowamynda Guramana agza-ýurtlarynyň ÝUNESKO –nyň işleri barada Milli toparlarynyň däbe öwrülen iki günlük duşuşygy başlandy. Türkmen tarapyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik edýär.
Duşuşygyň umumy sessiýasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika boýunça orunbasary jenap Firmin Eduardo Motoko, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeni işler boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone, şeýle-de ÝUNESKO-nyň medeniýet pudagynda aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunyň ugrukdyryjy bölüminiň (UCCN) direktory hanym Deniz Baks çykyş etdiler.
Mejlisde möhüm meseleleriň, şol sanda köptaraplaýyn başlangyçlara we çözgütlere aýratyn ähmiýet berýän Geljegiň sammitiniň netijeleriniň, şeýle hem ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen şäherleriň özara gatnaşyk tejribelerini gowulandyrmak baradaky meseleleriň maslahatlaşylmagyna üns berildi.
Nobatdaky mejlisiň ilkinji gününde arakesme wagty ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Parižde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan resmi günortanlyk nahary berilip, oňa ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekiller, ilçiler, TÜRKSOÝ guramasyna agza-ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň baş sekretarlary çagyryldy. Onuň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary ýygnananlary şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza-ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň dowamynda öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanda başlyklyk ediji ýurt hökmünde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol mirasyň gadymy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek hem-de olary ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek meseleleri boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň däbe öwrülen mejlisiniň çäginde türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň “Maddy däl mirasy goramak” baradaky Konwensiýasynyň sekretary Fumika Ohinata we Döredijilik şäherleriniň torunyň başlygy hanym Denis Baks bilen duşuşyklary geçirip, onda hyzmatdaşlyk meseleleri we geljekki döwür üçin meýiller ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nobatdaky mejlis ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň Guramanyň maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda dowam edýän işine öz goşandyny goşmak, Guramanyň strategik ösüşini amala aşyrmakda Milli toparlaryň orny barada pikir alyşmak üçin meýdançany döretmek islegini açyp görkezdi.
ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky sessiýasy 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabryna çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.