TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanda 2026-njy ýylda aspirantura we ordinatura kabul etmek boýunça ýerler tassyklanyldy

Türkmenistanda 2026-njy ýylda aspirantura we ordinatura kabul etmek boýunça ýerler tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol çekdi.

2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meselelerine garaldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada şu ýylyň 16-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamagy üçin ýurduň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Bu işleriň netijesinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar astynda geçýän 2026-njy ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ylym ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, alymlaryň we ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol çekdi. Şeýle hem wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň düzüminde ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Onuň şeýledigini, şu gün metbugatda çap edilen 2026-njy ýylda doktorantura, aspirantura şeýle-de dalaşgärlige kabul etmegiň sanawynyň  mysalynda görmek bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Tertipnamasyna laýyklykda, hukuk öwreniş ylmynyň döwrebap meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek esasy wezipe bolup durýar. Institutda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň netijeleri kitaplarda, ylmy žurnallarda we beýleki döwürleýin metbugat neşirlerinde çap edilýär.