TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA 2023-2028-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASY TASSYKLANYLDY

TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA 2023-2028-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASY TASSYKLANYLDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de milli-medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň we durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda , «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda bellenen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini we adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini utgaşykly alyp barmagy Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topara tabşyryldy.