“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – beýik gadamlaryň ganaty” atly ylmy amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň kazyýet edalarynyň kazylary, kazyýet işgärleri, ylmy edaralaryň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy netijesinde ýurdumyzda milli hukuk ulgamynyň ösüşiniň ugurlary we Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunçylygynyň, kazyýet işiniň kämilleşdirilişi beýan edildi.
Maslahatda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýandygy, halkymyzyň ynsanperwerlik, döwletlilik, deňhukuklylyk, adalatlylyk ýaly mizemez gymmatlyklarynyň, milli ruhuň döredijilikli ösüşiniň has-da rowaçlanýandygy aýratyn bellenildi. Beýik Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk taryhy döwründe raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini gyşarnyksyz üpjün edýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutulandygyny, çykyş edenler nygtady.