TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – parahat durmuşyň aýdyň ýoly” atly ylmy-amaly maslahat örän täsirli boldy. Maslahata halkara guramalaryň ýurdumyzdaky düzüm birlikleriniň wekilleri, kazylar, kazyýet işgärleri, ylmy işgärler hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, agzybirlikde we ruhubelentlikde bellenilýän milli baýramçylyklar ösüşleri nazarlap, öňe barýan döwletimiziň şan-şöhratyny, zähmetsöýer watandaşlarymyzyň at-abraýyny has-da belende göterýär. Ählihalk baýramçylyklarynyň hatarynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny we adam hukuklaryny kepillendirýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet Baýdagynyň güni buýsanjymyzy goşalandyrýar. Baýramçylygyň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi il-ulsumyzyň ylhamyny joşdurýar, ýaş nesilleriň watançylyk duýgusyny pugtalandyrýar. Döwletliligiň esasy alamatlaryny özünde jemleýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny dabaralandyrýan Konstitusiýa we Döwlet baýdagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ähli raýatlaryň ruhuny joşdurýar.

Bu baýramçylyk biri-biriniň üstüni ýetirýän döwürleriň taryhyny we nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyny şöhlelendirýär. Türkmen halkynyň parasatly garaýyşlaryny, milli mirasyny, medeniýetini we ruhy dünýäsini bitewileşdirip, ýurdumyzy beýik maksatlara galkyndyrýar. Onuň ýörelgeleri bolsa her birimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge, döwlet nyşanlaryny hormatlap, gözüň göreji deýin goramaga borçlandyrýar.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.