TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ TÄZE ÇAGYRYLYŞYNYŇ BIRINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ TÄZE ÇAGYRYLYŞYNYŇ BIRINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu gün geçirilen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýew saýlanyldy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň başlygy wezipelerine degişli deputatlar teklip edildi hem-de olary saýlamak meselesi sese goýuldy.