Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmakda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Konstitusion özgertmeleriň hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda şeýle hem olara girizilýän kadalarda raýatlaryň azatlylyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” baradaky ylmy-amaly makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşige hödürlenýän makalalara bildirilýän talaplar
1. Ylmy-amaly makala türkmen, iňlis we rus dilleriniň birinde hödürlenip bilner.
2. Bäsleşige gatnaşyjy diňe bir makala hödürläp biler we makalanyň ikiden köp awtory bolmaly däldir.
3. Makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 5 sahypadan geçmeli däldir.
• awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna) we wezipesi görkezilmeli, setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde goýygara ýazmaly;
• makalanyň ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şriftde goýygara görnüşde ýazylmaly;
• makalanyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli;
• makalanyň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1-lik ölçegde bolmaly;
• sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda — 2,0 sm, çep tarapda — 3 sm, sag tarapda — 1,5 sm.
• Edebi çeşmeleriň salgylanmalary makalanyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], [3—5] we ş.m. Edebiýatlaryň sanawy makalanyň gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLAR diýen sözbaşy ýazylmaly.
4. Makalanyň teksti Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly we bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
5. Makala diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
6. Makala kabul edilenden soňra awtor tarapyndan hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
7. Kabul edilen makala yzyna gaýtarylmaýar.
8. Makala awtoryň işleýän (okaýan) edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üstibilen ugradylmaly.
9. Bäsleşik metbugatda çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam edýär.
10. Makalalara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden, alymlardan we syýasaty öwrenijilerden döredilen eminler topary tarapyndan seljerme geçirilip, ýeňijiler saýlanar.
Bäsleşigiň jemini jemlemegiň tertibi
Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni we Adam hukuklarynyň halkara güni baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda jemlener we yglan ediler hem-de bir sany 1-nji, iki sany 2-nji we iki sany 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşurylar.
Makalalar 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, 2022 köç (Alişer Nowaýy), 86 jaý
Institutyň elektron e-mail salgysy: hukuk@instsld.gov.tm
Habarlaşmak üçin: 38-08-17; 38-06-00.