2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentligi bilen bilelikde “Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: halkara we milli tejribe” atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň wekilleri şeýle hem halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň işi boýunça halkara tejribeleri bilen tanyşmakdan hem-de milli tejribäniň aýratynlygy we ähmiýeti boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Agzalan tema boýunça okuw maslahatlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, 11-nji oktýabrynda Lebap, 13-nji oktýabrda Daşoguz, 16-njy oktýabrda Balkan we 19-njy oktýabrda Mary welaýatlarynda geçiriler.