2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewopa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, hukugyň hökmürowanlygy we adam hukuklary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝB-niň wekili adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de öňe sürmek boýunça Institutda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Taraplar hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Adam hukuklary boýunça dialoglaryň çäklerinde pikir alyşmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.