TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

YLMA HÖWESEK ZEHINLI ÝAŞLAR SYLAGLARA MYNASYP BOLDULAR

YLMA HÖWESEK ZEHINLI ÝAŞLAR SYLAGLARA MYNASYP BOLDULAR

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bir hatarda birnäçe daşary ýurtlaryň alymlary gatnaşdylar. Ylmyň möhüm ugurlaryna gönükdirilen bu maslahat özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Şol gün her ýylda däp bolşy ýaly, Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijelirini sylaglamak dabarasy hem boldy. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ylmy bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşyp, seljeriş topary tarapyndan olaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy. Olar ylmyň we tehnolgiýalaryň esasy alty ugry, ýagny “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika”, “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika”, “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”, “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary”, “Innowasion ykdysadyýet”, “Ynsanperwer ylymlary” ýaly ugurlar boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary gözleglerini, ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijileriň hatarynda II orna mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň ylmy işgäri Süleýman Orazmuhammedowiç Gurbanýazow hem bar. Ýeňiji bolan ýaş alymlar ylym bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýärler.