TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

ÝUNFPA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI.

ÝUNFPA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI.

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) gender meseleleri boýunça geňeşçisi hanym Leýla Şarafi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Institut bilen ÝUNFPA-nyň arasynda “Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek” atly 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň we wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.

2023-nji ýylyň dowamynda ÝUNFPA bilen bilelikde gender deňligi boýunça birnäçe çäreler, okuw maslahatlary geçirildi, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirilip, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça dialog alnyp baryldy.

Maslahatyň dowamynda taraplar bu işleri geljekde hem dowam etdirmäge, hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler.