2024-nji ýylyň 30-njy apreli 1-nji maýy aralygynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda Zenanlaryň ýagdaýy boýunça 4-nji Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň milli derejesinde ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.
Maslahata Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň Iş toparynyň agzalary - ministrlikleriň, döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine laýyklykda, Zenanlaryň ýagdaýy boýunça 4-nji Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň milli derejesinde ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça ýerine ýetirilen işler ara alyp maslahatlaşyldy.