TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiya instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilyän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilyän žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu yylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyn Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalayyn çykyşynda şu ýylda yerine yetirilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taydan ösdürmäge, halkymyzyn halýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň jemini jemledi hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegin möhüm wezipelerini kesgitledi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi yaly, dünyä ýurtlary bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary giñeltmek Türkmenistanyň daşary syyasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiyamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boyunça zerur tagallalary edyär. Şeyle-de hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleyasynyň 78-nji sessiyasynyň 63-nji plenar mejlisinde yurdumyzyň teklibi boýunça «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyn biragyzdan kabul edilendigini aytdy. Bu waka Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek babatda edyän tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilyändiginiň aýdyň güwäsidir.

Okyjylar köpçüligi žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken «2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 2052-nji ýyllarda ösdürmegin Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» we «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegin 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Permanlary bilen tanşyp bilerler. Neşirde Türkmenistanyň başlangyjy boyunça BMG-niň Baş Assambleyasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň sanawy getirilyär. «Garaşsyzlyk: durnukly ösüşiň yoly» atly makalada yurdumyzyň ösüşinde gazanylan ägirt uly üstünlikler barada gürrün edilyär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrylan gin gerimli özgertmeler Watanymyzyň okgunly ösmegine, onuň parahat we abadan döwlet hökmünde dünýä ginişliginde ykrar edilmegine ýardam berdi.

Okyjylaryň dykgatyna Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň hukuk esaslary baradaky makala hem hödürlenilyär. Makalada nygtalyşy yaly, şahyryň edebi mirasy döwletimiziň milli medeni gymmatlygy we halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi munuň şeylediginiň aýdyň güwäsidir. Bu Kanunda yaşlarda yokary ahlak häsiýetlerini kemala getirmekde we ösdürmekde, olary halkymyzyň şöhratly geçmişine çuňňur hormat goymak, watançylyk ruhunda terbiyelemekde akyldaryň edebi mirasyny giňden wagyz etmek meseleleri öz beyanyny tapýar.

«Sanly ykdysadyyet we innowasion ösüş» atly makalada maglumat tehnologiyalarynyň, internetin mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, bu ugurda yurdumyzda amala aşyrylyan özgertmeler barada gürrün berilyär. Awtoryň belleýşi yaly, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň ösdürilmegi ähli ugurlara öz oňyn täsirini yetirmek bilen, hyzmatlary dessin hödürlemek mümkinçiligini giňeldyär. Sanly ulgamyň üstünlikli ösmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk binyady hem yzygiderli berkidilyär. Žurnalyň sahypalarynda «Multimodal yük daşaýyş şertnamalaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalary» atly makala hem çap edilip, onda degişli ulgamlaryň syyasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça meyilnamalaýyn işler hakynda söz açylýar.

Neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda paýtagtymyzda halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beyleki çärelere syn berilyär