Her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çapa taýýarlanylan bu neşir jemgyýetçilik durmuşynyň we hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň 6-njy aprelde Aşgabatda geçirilen birinji maslahatyndaky sözlän sözi bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny yzygiderli berkitmäge, onuň halkara abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilen wezipeleri, içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek we halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şu günüň talabyna, oňyn halkara tejribä laýyklykda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyz sebitiň we yklymyň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda, dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmekde işjeň we oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde özüniň saldamly goşandyny goşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ençeme halkara şertnamalara, ylalaşyklara we konwensiýalara goşulmagy bilen, olarda beýan edilen halkara hukuk kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, geljekde-de bu işleri has-da kämilleşdirmeli we giňeltmeli. Dünýä döwletleri ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň, halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmeli.
“Bagtyýar çagalygy üpjün etmegiň milli meýilnamasy” hem-de “Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň milli strategiýasy” atly makalalarda abadan durmuşy we bagtyýar çagalygy üpjün etmek, ýurdumyzyň kanunçylygynyň we halkara şertnamalaryň binýadynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine okyjylaryň ünsi çekilýär. Milli meýilnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilip, çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we ilerletmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek üçin şertleri döreder.
“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny, olary amala aşyrmagyň çärelerini kesgitleýär. Şeýle hem bu resminama dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine ýaşlaryň gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir. Ýaşlary durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ykrarnamasy” atly makalada ýurdumyzyň dünýä işlerindäki eýeleýän işjeň orny barada gürrüň berilýär. “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işjeňligi, dürli döwletler bilen ynanyşykly we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen tapawutlandy hem-de şanly wakalara beslendi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Bu waka ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini tassyklady.
“Milli kanunçylygyň ösüşi we kazyýet iş tejribesi” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekýär. Onda kazyýet ulgamynyň işiniň netijeliligini we hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak barada gürrüň berilýär. «Durnukly ösüş ýoly we ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylyşy» atly makala ylym we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanypdyr. Makalada bellenilişi ýaly, ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ýurdumyzda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar.
«Ýaşlary ylma ugrukdyrmagyň kanunçylyk we guramaçylyk esaslary» atly makala hem döwrüň wajyp meselelerine bagyşlanypdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlara maglumat we sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, kompýuter we internet ulgamlarynda täze ylmy taglymatlary, tehnologik tejribeleri öwrenmäge giňden ýardam bermek, sanly tehnologiýalardan, innowasion serişdelerden peýdalanmagyň ýokary medeniýetini terbiýelemek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr.
Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna uly orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen bu guramanyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda: “Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlarda halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek bolsa guramanyň belent borjy we baş maksadydyr” diýip belleýär.
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky neşirinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragy”, “Daşky gurşawy goramak boýunça halkara we milli hukuk kadalary”, “Adam hukuklaryny üpjün etmegiň milli we halkara ýörelgeleri”, “Administratiw önümçilikde sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşy” atly makalalar ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, «Döredijilik zähmeti we adam hukuklary» atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň şertleri çap edilipdir.
Neşir abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklary, geňeşmeleri we beýleki çäreleri açyp görkezýän däp bolan «Senenama» atly bölüm bilen tamamlanýar.