2024-nji ýylyň 7-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde gurnamagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşigiň jemine bagyşlanyp “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşigiň ýeňijileri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda bäsleşikleriň netijeleri yglan edildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň bilim, ylym edaralaryndan hukuk goraýjy ulgamlaryň hünärmenlerinden köp sanly makalalar gelip gowuşdy. Şol makalalaryň gowy hasaplananlary “Demokratiýa we hukuk” žurnalynda çap edildi. Bäsleşige gelip gowşan makalalaryň nazary we tejribe nukdaýnazardan has tapawutlananlaryny emin agzalary ýeňijiler diýip saýladylar.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda:
Adalatçynyň diwanynyň baş maslahatçysy Arslan Mämmedowiň “Hususy telekeçilikde françaýzing şertnamasynyň orny” atly makalasy I orna;
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň dosent, hukuk ylymlarynyň kandidaty Aşyrgeldi Jumaýewiň we Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň aspiranty Dilber Şaýlyýewanyň “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we hukuk ulgamynyň ösüşi” atly makalasy II orna;
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Ýunus Muhammedowyň “Sanly ykdysadyýet we innowasion ösüş” makalasy bilen II orna;
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş konsullygynyň ikinji sekretary Aşyraly Nazarowyň “Magtymguly Pygarynyň döredijiligi we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri” atly makalasy III orna;
Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň baş hünärmeni Gülşirin Çarykulyýewanyň “Adam hukuklaryny üpjün etmegiň milli we halkara ýörelgeleri” atly makalasy III orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.