2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde “Döwletlilik däpleri we hukuk medeniýet: Nesilleriň dowamatlylygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda, Türkmenistanda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin iş Meýilnamasyna laýyklykda amala aşyryldy.
Bu çäreler tapgyry ilki bilen Aşgabat şäherinde başlandy. Meýilnama laýyklykda, aprel aýynda türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda “Kämil hukuk ulgamy – durnukly ösüşiň we bagtyýarlygyň binýady” atly ilkinji maslahat geçirildi.
Geçirilen çäräniň dowamynda ýurdumyzyň dürli edara-guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşukda çykyş edenler ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny, bu ugurda halkara kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylýandygyny bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara konwensiýalaryna goşulmagy we milli maksatnamalaryň çäginde degişli çäreleriň amala aşyrylmagy demokratik ösüşleriň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamy goldamagyň we goramagyň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa adam hukuklaryny üpjün etmekde we dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Bu çäreler geljekde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem dowam eder: senýtabr aýynda Daşoguz welaýatynda, oktýabr aýynda Lebap welaýatynda, noýabr aýynda Mary welaýatynda jemlener. Geçirilýän duşuşyklar ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň döwrebap bilim almagyna we jemgyýetde mynasyp orun eýelemegine üpjün etmäge goşant goşýar.