Myrat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň ylmy işgäri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy önümçilikde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde wagty tygşytlamaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň 16-njy maddasynda: “Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.” diýlip kesgitlenilen. Bu konstitusion kadalar “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” (01.03.2014ý.), “Innowasiýa işi hakynda” (16.08.2014ý.), “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” (14.03.2020), “Elektron hökümet hakynda” (24.07.2022) Türkmenistanyň Kanunlarynda anyklaşdyrylýar we durmuşa geçirilmegi üçin hukuk gurallary bilen üpjün edilýär.
XXI asyr, täze taryhy eýýam sanly kommunikasiýalaryň durmuşyň ähli ulgamlaryna ornaşan döwri bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Häzirki döwürde dünýä giňişliginde sanly tehnologiýalar halkara gatnaşyklaryna, ykdysady aragatnaşyklaryna, dünýä söwdasyna, maglumat alyşmaga çuňňur täsir edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp ýurdumyzyň geljekki döwür üçin ösüş strategiýasy elektron senagatyny ösdürmek, milli sanly platformalaryň esasynda sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna dolulygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipelerini öňe sürýär.
Öňde goýlan bu wezipeleriň milli elektron harytlar bilen üpjünçiligini, maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny we elýeterliligini, bu hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegini, milli IT-hünärmenleriň bilim derejeleriniň kämilleşdirilmegini talap edýär. IT-hyzmatlarynyň globallaşýan döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri barha artýar, şahsyýetiň, jemgyýetiň döwletiň, içerki we daşarky maglumat howplardan goraglylygyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda elektron hökümet – maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy bolup durýar.
Ýurdumyzda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ösüşini sanly tehnologiýalar arkaly tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýönekeýleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Sanly hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, meýilleşdirilýän wezipeleriň biri hem döwlet hyzmatlary ulgamynda häzirki döwürde herekete girizilen ýeke-täk döwlet hyzmatlar “e.gov.tm” portalynyň gerimini giňeltmek bolup durýar. Bu portalda aragatnaşyk hyzmatlary, bilim ulgamy, saglygy goraýyş, durmuş hyzmatlary, hukuk kömegi we başga-da birnäçe hyzmatlar hödürlenýär.
Bu hyzmat ulgamynda ýurdumyzyň döwlet we hususy ulgamyna degişli edara, kärhanalaryň bitewi sanly maglumat binýadynyň girizilmegi göz öňüne tutulýar. Portalyň esasy wezipesi — döwlet hyzmatlaryny raýatlar we işewürlik üçin has amatly etmek, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek we olaryň elýeterliligini häzirki zaman sanly çözgütler arkaly üpjün etmekdir. Häzirki wagtda portalda döwlet edaralarynyň we guramalarynyň web sahypalaryna salgylanmalar ýerleşdirilendir. Bu her bir ministrligiň we pudaklaýyn-dolandyryş edaranyň işinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan derejesini açyp görkezýär. Aýratyn üns portalyň funksionallygyny giňeltmäge gönükdirilýär: häzirlikçe, ulanyjylaryň müňlerçe şahsy otagy döredildi. Bu, bitewi portalyň wagtyny tygşytlamak bilen amatlylygy saýlaýan raýatlaryň gündelik durmuşyna berk ornaşandygyny subut edýär. Serwerde bellige alnandan soň, raýatlar öýdäki internetiň tölegini onlaýn amala aşyrmakdan başlap, Döwlet migrasiýa, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň onlaýn ulgamynda nobata ýazylmaga çenli ähli hyzmatlar bilen doly tanşyp bilýärler.
Bitewi portal sanly görnüşde döwlet hyzmatlaryny bermek üçin “bir penjire” awtomatlaşdyrylan ulgamy birleşdirýär. Bu çemeleşme, arza berijileriň arzalaryny kabul etmek, olary işlemegiň möhletini gözegçilikde saklamak we ýerine ýetirilmeginiň açyklygyny ýokarlandyrmak üçin merkezleşdirilen ulgamy üpjün edýär.
Sanly tehnologiýalaryň ösüşiniň eýeçilik hukugynyň amala aşyrylmagy üçin ähmiýeti uludyr. Raýatlar eýeçilik hukugyny resmileşdirmek bilen baglanyşykly hereketleri (ýer bölegini resmileşdirmek, şertnama baglaşmak, resminamalary döwlet sanawynda bellige aldyrmak, we beýlekiler) sanly döwlet hyzmatlary arkaly çaltlyk bilen amala aşyrmaga mümkinçilik döreýär. Munuň özi, birinjiden gozgalmaýan emläge eýeçilik hukuklarynyň sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen tiz resmileşdirilmegini üpjün edýär. Ikinjiden döwlet edaralarynyň raýatlaryň eýeçilik hukugy baradaky maglumatlarynyň ulgamlaşmagyna oňaýly täsir edýär. Üçünjiden raýatlaryň emläk hukuklaryny hasaba almagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Dördünjiden eýeçilik hukuk gatnaşyklary bilen baglanyşykly hukuk bozulmalaryň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Bäşinjiden bolsa hukuklaryň ykrar edilmegini, goralmagyny we deň derejede amala aşyrylmagyny üpjün edýär.
Sanly ulgamyň durmuş-ykdysady pudaklara ornaşdyrylmagy bilen raýatlaryň eýeçilik hukuk gatnaşyklaryny amala aşyrmak işi tiz ýerine ýetirilýär, netijeliligi we maglumat howpsuzlygy ýokarlanýar.
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň öňki adaty tertibinden tapawutlylykda bu ulgamyň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, bu işdäki maglumatlaryň we resminamalaryň çalt jemlenilmegine we seljerilmegine şertler döreýär. Sanly ulgamlar eýeçilik hukuklarynyň döwlet belligine alynmagyny ýeňilleşdirýär. Bu ulgamyň ähli ýerli edaralaryna optiki aragatnaşyk ulgamy doly çekilip, merkezleşdirilen sanly maglumat-telekommunikasiýa tor ulgamyna birikdirildi, resmi internet web-saýty www.gozgalmayanemlakgullugy.gov.tm domen salgysy boýunça ulanyşa girizilip raýatlara berilýän hukuk hyzmatlarynyň ýagny onlaýn nobata durmak hem-de döwlet sanawyndan göçürme hem-de kepilnama görnüşinde maglumatlary elektron sargyt etmek bu resmi web - saýtynyň üsti bilen ýerine ýetirmäge şert döretdi.
Olaryň netijeli ulanylmagy bilen hukuk hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar, eýeçilik boýunça ýüze çykýan soraglara çalt jogap bermäge mümkinçilik döreýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ykdysady nukdaýnazardan hem, durmuş nukdaýnazaryndan hem uly ähmiýete eýedir. Ol döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykaryp, eýeçilik hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün edýär.
Sanly ulgama geçilmegi adam zähmetini ýeňilleşdirmek bilen, has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly ulgam gerek bolan maglumatlary gysga wagtda toplamaga, degişli işleri ýerine ýetirmäge, olary seljermäge, geljekki wezipeleri aýdyň kesgitlemäge we maksatnamalary taýýarlamaga we olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak işi döwlet maksatnamalarynyň esasynda giňden durmuşa geçirilýär. Ýokary depginli ösüşi gazanmagyň we sanly ykdysadyýeti kemala getirmegiň esasy guraly bolsa täze döreýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şu babatda, milli we dünýä tejribesiniň gazananlaryny bu ugra ornaşdyrmakda baý tejribe toplanylýar.