TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

MAGLUMAT KANUNÇYLYGYNYŇ ÖSÜŞINIŇ KONSTITUSION ESASLARY

MAGLUMAT KANUNÇYLYGYNYŇ ÖSÜŞINIŇ KONSTITUSION ESASLARY

Aýna AGAÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we innowasiýalaryň täze taryhy eýýamynda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň kepillikleriniň kämil şertlerinde maglumata bolan konstitusion hukuk adamyň iň möhüm hukuklarynyň biridir. Maglumat jemgyýetiň iň möhüm çeşmeleriniň biri hökmünde şahsyýetiň durmuşynda, jemgyýetde we döwletde aýratyn orun eýeleýär. Diwersifikasiýa ýoly bilen giňeýän “maglumat” düşünjesiniň diňe bir tehniki manysynda däl-de, eýsem hukuk ähmiýetinde hem möhüm zerurlygy ýüze çykýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda: “Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr” diýlip berkidilen (1, 24 s.).

Ylmy edebiýatlarda “maglumat” düşünjesiniň birnäçe kesgitlemesi duş gelýär. Maglumaty kesgitlemegiň, oňa düşünmegiň we düşündirmegiň dürli çemeleşmeleri bar. şeýle hem bu düşünje babatda sosiologlar, tehniki işgärler, filosoflar öz garaýyşlaryny beýan edýärler. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisi maglumaty gözlemäge, ýygnamaga, almaga, ibermäge, öndürmäge, saklamaga, bermäge, ýaýratmaga we peýdalanmaga bolan hukuklary amala aşyrmakda, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny ulanmakda we maglumaty goramagy üpjün etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, “maglumat” düşünjesiniň hukuk manylarynyň hem birnäçe görnüşleri bar. Maglumat – bu gözleniş, saklanyş, işlenip taýýarlanyş, berliş we ýaýradylyş usullaryna garamazdan ähli maglumatlar ýa-da habarlardyr (2).

 Hukuk gatnaşyklarynda maglumat hukuk ähmiýetli ýagdaý hökmünde çykyş edýär. Raýatlaryň maglumata bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylyşy barada aýdylanda, şu meselelere aýratyn üns berilýär: raýatlaryň “maglumata bolan hukuklarynyň” nazary-hukuk meseleleri; raýatlaryň maglumata bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagynyň mehanizmleri we kepillikleri; maglumata we maglumat işine bolan hukugy (konstitusion-hukuk jähetleri); raýatlaryň daşky gurşawyň ýagdaýy baradaky maglumata, döwlet häkimiýet edaralarynyň maglumatlaşdyrmak işiniň meseleleri; maglumat howpsuzlygy; maglumaty goramaklygy; şahsy maglumatlaryň goragy; raýatlaryň “Internet” torundaky maglumatlara bolan rugsatlarynyň hukuk meseleleridir.

Maglumat raýat-hukuk gatnaşyklarynyň obýektleriniň biri bolup, hukugyň emläkleýin däl obýekti we maddy däl aýratyn obýekti hökmünde çykyş edýär (3, 332 madda). Ilkinji nobatda “maglumat” düşünjesiniň köptaraplaýyn hukuk kesgitlemesini bellemek zerurdyr. “Maglumat” diýen adalganyň gysga görnüşdäki kesgitlemesini bermek çylşyrymlydyr, sebäbi maglumat bilen bagly hukuk meseleleriniň ählisini bir ýere toplamak mümkin däl.

Maglumata bolan konstitusion hukuk maglumat bilen bagly bolan hereketleriň alamatlary boýunça toplanan adamyň we raýatyň konstitusion hem-de olaryň esasynda döredilen beýleki hukuklaryň jemini öz içine alýan çylşyrymly hukukdyr.

Adamyň we raýatyň maglumata bolan konstitusion hukugyny şu toparlara bölmek bolar:

1) maglumatyň elýeterliligine bolan hukuklary:

- döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň wezipeli adamlary her bir adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän resminamalar bilen onuň tanyşmagyna mümkinçilikleri üpjün etmäge borçludyrlar (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 38-nji maddasy);

- kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 8-nji maddasy);

- ilaty maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen şahsy maglumatlaryň hemmelere elýeter bolan çeşmeleri, şol sanda soragnamalar, telefon we salgy kitaplary, hemmelere elýeter bolan elektron maglumat serişdeleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri peýdalanylýar (“Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasy) (4);

- döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň işi baradaky, şol sanda maglumat-telekommunikasiýa torunyň hem-de Internet torunyň üsti bilen ýerleşdirilen maglumata rugsady üpjün etmäge borçludyrlar (“Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 5-nji bendi);

- döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syry babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ylmy-tehniki maglumata erkin elýeterlilik (“Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 1-nji bendiniň 4-nji kiçi bendi) (5);

- amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasy)

- her bir adamyň döwlet tarapyndan tölegsiz ýuridiki kömegi almaga bolan hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy);

- adyl kazyýetlik amala aşyrylanda gatnaşmaga hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 46-njy maddasy).

2) maglumaty ýaýratmaga bolan hukuklary:

- ilatyň arasynda professional sporty wagyz etmek we ýaýratmak boýunça çäreleri geçirmek (“Professional sport hakynda” Tükmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 2-nji bendiniň 10-nji kiçi bendi) (6);

- medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasy);

- pikir we söz azatlygy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasy); - köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinliligi (“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasy) (7);

- ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 43-nji maddasy).

3) maglumaty goramak we goranmak hukuklary:

- ylmy intellektual eýeçilik hukugyny goramak (“Ylmy intellektual eýeçilikhakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 11-nji maddasy) (8);

- Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasy);

- şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan goranmaga hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 37-nji maddasy);

- döwlet edaralarynyň, beýleki guramalaryň we raýatlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak hukugy (döwlet ýa-da kanun arkaly gaýry syrlary çygrynda, “Döwlet syrlary hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 41-nji maddasynyň 1-nji bendi) (9)

- kazyýet önümçiliginde alnan maglumatlary goramak hukugy (Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 413-nji maddasy, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 370-nji maddasy).

4) maglumaty bermegiň ugurlaryndan we ýollaryndan goranmak hukuklary:

- hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki habarlarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan goranmaga hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 37-nji maddasy).

5) maglumatyň aýratyn ýagdaýyna bolan we maglumatdan goranmak hukuklary:

- adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 31-nji maddasy);

- adamyň jenaýat etmekde günäliligi kanun esasynda subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança ol günäsiz hasap edilýär. Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 34-nji maddasy);

- çaganyň saglygyna zyýan ýetirýän mahabatlandyrmadan, neşir önümlerinden, kino, wideo we audio ýazgylardan goranmak hukugy (“Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 6-njy maddasynyň 20- nji bendi) (10).

6) maglumaty ýaýratmakdan ýüz döndermek hukuklary:

- öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna (ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar) garşy düşündiriş bermezlige hukugy (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalar hakynda kodeksiniň 14-nji maddasy) (11);

- adam öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermä- ge mejbur edilip bilinmez (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 62-nji maddasy);

- hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynyň 2-nji bendi).

Maglumata bolan konstitusion hukugy adamyň we raýatyň möhüm syýasy we şahsy hukuklarynyň biri bolup durýar. Raýatlaryň maglumata bolan hukugynyň amala aşyrylmagy, ony erkin elýeterliliginiň üpjün edilmegi, häkimiýet guramalarynyň maglumat taýdan açyklygy hukuk döwletiniň hereket etmeginiň möhüm şerti bolup durýandyr. Hut raýatlaryň maglumata bolan hukugynyň amala aşyrylmagy olaryň döwletiň durmuşyna ýüzleý däl-de, eýsem hakykatdan-da gatnaşmagyny üpjün edýär. Bu hukugyň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek: ol esasy hukuklaryň we azatlyklaryň tutuş ulgamynyň baglaýjy bölegi hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda mazmunyny maglumata bolan hukugyň subýekleriniň şol hukugy amala aşyrmagyň ýörelgeleriniň özboluşly çeşmesi bolup durýandygyny kesgitlenen. Mundan başga-da, bu binýatlaýyn kada maglumata bolan hukugyň kesgitlemesini, raýatlaryň arhiwleriň we kitaphanalaryň, gaznalaryň we köpçülikleýin habarlaryň beýleki ulgamlarynyň maglumat çeşmelerine elýeterliliginiň tertibini, maglumaty bermek (almak) bilen bagly bolan çykdajylaryň öwezini dolmagyň tertibini öz içine alýar.

Maglumat gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady örän çylşyrymly bolup durýar hem-de habar beriş serişdeleriniň, tehnologiýalarynyň we aragatnaşyk serişdeleriniň özara gatnaşyklary hökmünde düşünilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýudumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda demokratik jemgyýetiň üstünlikli kämilleşdiriljekdigine bolan ynamy berkidýär.

 

 

 

EDEBIÝAT:

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy (rejelenen görnüşi). – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

2. Maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2014.- № 2

3. Türkmenistanyň raýat kodeksi. –A.: Türkmen döwlet neşiriýat gullugy, 2014.

4. Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý. - № 1

5. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2014.- № 1

6. Professional sport hakynda Tükmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2015.- № 3

7. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2012.- № 3-4

8. Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 1992.- № 9

9. Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2014.- №

10.Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2014.- № 2.

11.Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalar hakynda kodeksi // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary. – 2013.- № 3