TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANÇYLYK TERBIÝESINIŇ ÝÖRELGELERI

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANÇYLYK TERBIÝESINIŇ ÝÖRELGELERI

Bägül BÄŞIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyza sowgat eden “Mertler Watany beýgeldýär” atly eserinde: “Watançylyk terbiýesi türkmen maşgalasynda terbiýäniň gönezligidir” [1, 153 s.] diýip belleýär. Watansöýüjiligi terbiýelemek çaganyň dünýä inen maşgalasyndan başy başlanýan jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň ähli döwürleri üçin wajyp wezipe bolmagynda galýar. Muny türkmen halkynyň terbiýeçilik däpleri hem-de Magtymguly Pyragynyň  döredijilik mirasy doly tassyklaýar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgulary ýaş nesli milli däplerimize wepalylyk ruhunda döwrebap terbiýelemekde bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesidir, ähli döwürler üçin edep-terbiýe mekdebidir.

Magtymguly Pyragynyň adamlara asylly terbiýe berýän goşgulary akyl-paýhasdan doly. Dana şahyryň goşgularynda kämil şahsyýeti kemala getirmegiň dürli taraplary barada söz açylýar.  

Berkarar döwletiň täze eýanmynyň Galkynyşy döwründe,Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öňe süren ajaýyp pikirleri dabaralanýar. Şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli goşgularynyň gymmaty barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen beýik akydar şahyr Magtymgyulynyň arzuwlan zamanasyna eýe bolan bagtyýar ilimiz beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli ylmy-terbiýeçilik çärelerini geçirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: “Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykýan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň säheriniň howasy ýaly tämizdir. Olar läle-reýhanly, gül-gülälekli bag-bossanyň hoştap ysy kimin bark urup, ynsanyň janyna hoşluk çaýýar. Bedenleri bogun-bogun söküp, ýüreklere giňlik berýän dutaryň mylaýymdan şirin sazy bolup, heýjana getirýär” [2, 56 s.] diýip belleýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň  2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi eziz Watanymyzy wasp eden akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň görkezijisidir.

Magtymguly öz döwrüniň alym mugallymlarynyň biridir. Ol ilkinji bolup, türkmen pedagogika ylmynda watançylyk terbiýesini bir ylmy ulgama saldy. Muny  şahyryň örän köp sanly setirlerini mysal getirmek bilen düşündirmek mümkin, çünki Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilendir, dünýä medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik danadyr. Akyldar şahyr ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen ata-eneleriň öz çagalaryna watansöýüjilik ýaly gowy gylyk-häsiýetleri ýaşlykdan terbiýelemelidiklerini nygtaýar.

Magtymguly ýokardaky ýaly setirlerinde “taraşlap şagladan” dürdänelerinden ulus-iliniň, alymyň, mugallymyň many çykarmagyny ündäpdir. Şahyryň şular ýaly ajaýyp setirleri nesil terbiýesi üçin zerurlykdyr.  Şeýle mysallaryň sany örän köpdür:

“Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp

Bilmeze hiç, bilen ýanda nyrhy köp”   [4, 33 s.];

Magtymguly sözüniň ýerde galman, nesihatlaryna uýulmagyny isläpdir. Onuň terbiýeleýjilik güýjüne uly baha beripdir:

“Aňlamaza aýat sözlerin diýseň

Pygamber hadysyn öňünde goýsaň

Gyýmazlykda müň söz beýnisne guýsaň

Ol sözler gulagnyň daşyna degmez” [5, 34 s.] diýýän şahyr bu goşgy bendini milletiň ýagşy öwüt-ündewleri diňlemegine bagyşlapdyr. Şahyr

“Magtymguly, köňle gaýgy getirme

Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme

“Sözüm aňlan ýok” diýip, ümsüm oturma

Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr” [4, 35 s.] diýmek bilen, ol sözüň güýjüniň hem-de özüniň şahyrana pikirleriniň jemgyýetçilik aňyna täsir edýändigini-de hasaba alypdyr.

Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýyna görä, tire-taýpalaryň birleşmegini, olaryň arasynda agzybirligiň höküm sürmegini gazanmak esasy meseleleriň hatarynda bolupdyr. Şol sebäpli-de, şahyryň döwletlilik, bitewülik, agzybirlik baradaky şygyr setirleri watançylyk duýgusyny her bir şahsyýetiň aňynda oýaryjy, kämilleşdiriji güýje öwrülipdir. Şeýle şygyrlaryň ideýa-mazmuny halky bir bitewülige, tire-taýpalary birleşmäge, agzybirlige, ynsanperwerlige, bellibir döwleti gurmaga çagyryşdyr.

“Goç ýigide toýdur-baýram

 Her iş gelse, il biläni”[6, 182 s.] diýen setirleri akyldar Magtymgulynyň eziz Watanyny jan-dilden söýendigini subut edýär. Watan hakyndaky aýgytly pikirlerini batyrgaýlyk bilen beýan edip, il-gününine watansöýüjiligi wagyz edýan ençeme goşgularyny döredipdir.

Halkynyň agzybirligini isläp, şahyr bir başa bakylyp, bir döwlete gulluk edilse, türkmeni hiç bir güýjüň ýeňip bilmejekdigine ynanypdyr. Akyldar şahyryň goşgularynda türkmen halky bir döwlete gulluk etmäge, bitewlilige çagyrylýär.

Magtymgulynyň şygyrlary millilige ýugrulanlygy bilen, şahsyýeti ruhy-ahlak taýdan baýlaşdyrmagyň kuwwatly serişdesidir. Şahyryň goşgulary okyja dünýäniň gözelliklerini açyp görkezmek arkaly, onuň şu Watanda ýaşaýandygyna buýsanç duýgusyny oýarýar. Watana bolan söýginiň üsti bilen şahyryň özi üçin bütin dünýäni açýandygyny, bu söýginiň onuň aýdymynyň şirin owazydygyny, durmuşynyň many-mazmunydygyny, döredijiliginiň esasy özenidigini Gahryman Arkadagymyz yzygiderli nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, şahyryň goşgularynyň şahsyýetiň watançylyk duýgusyny güýçlendirmekdäki jemgyýetçilik hyzmatyna ünsi çekip, onuň ösüp gelýän ýaş nesliň dünýagarýşyna, ahlak sypatlarynyň kemala gelmegine täsir edýändigi bellenilmelidir. Magtymguly Pyragynyň goşgulary milli jemgyýetimiziň ideýalaryna gulluk edýär, oňyn matlaplaryna hyzmat edýär, ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýär, watançylyk, batyrlyk, päk ýüreklilik, agzybirlik, döwletlilik ýaly ahlak kadalaryny ündeýär. Şygyr sungatynyň iň gözel nusgawy ahlak ideýalaryny myhmanparazlyga, millilige, edep-ekramlylyga, tebigata söýgä gönükdirýär, jemgyýetde adalatly garaýyşlary goraýar, Watan gujagynda orun alnanda, hemme gowy duýgularyň beýik bolýandygyna, il-halka, ene topraga gözüň göreji dek aýawly garamalydygyna okyjylaryň ünsüni çekýär. Ata Watandan, “dogan iliňden gaýry mähribän ýurduň hiç bir ýerde ýokdugyna” şahyr aýratyn üns berýär, muny şahyryň şygyrlaryndan alnan anyk mysallar arkaly ýokardaky pikiri tassyklamak bolar:

“Sözlegil bileniň tilden

 Bilbil aýra düşse gülden

 Eşit adam, dogan ilden

 Gaýry mähriban ýurt bolmaz” [6, 229 s.]  diýen bendinde iň mähriban ýeriň “dogan iliňdigini, mähriban ýurduňdygyny” çeper beýan edýär.

Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragy öz Watanyny bütin durky bilen söýen, bu babatda halkyna, bütin nesline nusga görkezen ussatdyr. Magtymgulynyň goşgularynda Watana wepaly bolup ýaşamagy gönüden-göni wagyz edýän şygyrlar örän köp. Türkmen halkynyň, onuň ýaş nesliniň ahlak ýörelgelerine öwrülen şahyryň döredijilik dünýäsi hemmämiz üçin eziz, ol biziň milli buýsanjymyz.

 Şahyryň döredijiligi uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar we nesiller bilen deň ömür sýrýär hem-de geljege barýar, çünki onuň edebi ýörelgede gozgaýan temalary bakylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, onuň watançylyk duýgulary, gözelligi wasp edýän ajaýyp şygyrlary ýurdumyzyň tebigatyny suratlandyrýar. “Jeýhun bile Bahry-Hazar arasy

 Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň

 Gül gunçasy, gara gözüm garasy”

 Gara dagdan iner sili türkmeniň”...

“Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy

 Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň” [6, 12 s.].

Magtymgulynyň goşgularyny okan okyjy özi bilen tebigatyň bitewüligini, sazlaşygyny duýup, oňa ýakyndan  garap, watanperwerlik babatdaky öz ruhy kämilligini tebigatdan öwrenýär. Başgaça aýdylanda, okyjy şahyryň wasp eden daglaryndan beýikligi, buýsançlylygy, mertligi, gaýalardan ýanbermezligi, çeşmelerden päkligi, güllerden näzikligi öwrenýär.

Magtymguly Pyragy tebigaty bütin durky bilen duýup, özüniň bilimi-zehini, döredijilik paýhasy bilen, ynsan ruhuna aralaşmakda özboluşly ussatlyk görkezýär. Tebigatyň gözelligini inçelik bilen synlap, ony şahyrana pikir, şahyrana dil bilen “bezemegiň” hötdesinden gelmegi başaran ussat şahyr ynsan ruhuny tebigata has ýakynlaşdyrýar, mukaddes Watanyň her daban ýerine bolan uly söýgini ynsan kalbynda döredip, ösdürip, şahsyýetiň ruhy dünýäsinde özboluşly açyş edýär. Magtymgulynyň watançylyk, il-gün, ene toprak, türkmen tebigatynyň gözellikleri baradaky  goşgulary ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

Ýaşlara daş-töwerege, özüni gurşap alýan gurşawa, adamlara, il-güne, ene ýere söýgi bilen baha bermegi, gözelligi öwredýär.  Ynsan mydama tebigatyň gözel ýerlerini, adyl jemgyýetçilik ideýalaryny, parahat durmuşy küýseýär. Magtymgulynyň watançylyk goşgulary şahsyýetiň (şular ýaly) ahlak ideýalyny kanagatlandyrýar, bu babatda ruhuny baýlaşdyrýar. Şeýle şyryrlar  şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmaga itergi berýär. Ýokardaky getirilen mysallardan görnüşi ýaly, ata Watanynyň, mähriban halkynyň ykbaly üçin göreşen, özüniň ýiti ýaragy bolan döredijiligini oňa bagyş eden Magtymguly Pyragynyň Watan hakyndaky döreden çuň manyly goşgy setirleri sanardan köpdür. Akyldar şahyr dogduk mekany, ene topragy, il-güni terk etmezligi ündäp, Watandan mähribän ýurduň hiç ýerde ýokdugyny tekrarlaýar. 

Merdana halkymyzyň şu günki neslini Watana wepaly, geljekde ýurduň we halkyň ykbalyny üstüne alyp biljek sowatly şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmekde beýik Pyragynyň edebi mirasynyň bahasyz gymmatlyklarda durýandygyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Onuň eserleri gazak, täjik, ermeni, gyrgyz, özbek, iňlis, rus, hytaý, nemes, arap, pars dillerine terjime edildi. Şeýlelikde, milli şahyrymyz bu gün türkmen halkynyň pelsepewi piikirlerini, durmuşy we dünýewi garaýyşlaryny ýürek urgusy bilen  dünýäniň ynsanperwer ynsanlarynyň aňyny nurlandyrdy. Beýik şahyryň terbiýeçilik meselelerine, watançylyk ideýalaryna bagyşlanan edebi pikirleri barada beýan edilenleri jemläp, şeýle netijelere gelmek bolar:

♦ Magtymgulynyň şygyrlarynda watançylyk terbiýesi terbiýäniň esasy görnüşi hökmünde beýan edilýär. Ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemek jemgyýetiň möhüm wezipesidir;

♦ ýaş nesilde watansöýüjiligi kemala getirmek çaganyň ýagty jahana inip, gözlerini açan pursadyndan başlanýar. Ahlak terbiýesiniň özeni hasaplanylýan ynsanperwerlik, watançylyk terbiýesini çaga özüni gurşap alan maşgala gurşawyndan, tebigatdan başlap, daşky we ýakyn ýanyndaky gözelliklerden alýar;

♦ ýaş nesliň watansöýüjiliginiň, ahlagynyň, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmeginde esasy ornuň çaga pedagogik-psihologik täsir etmekdigi baradaky ylmy garaýyşlar tanymal alymlar, pedagoglar, psihologdyr ýazyjylar tarapyndan ykrar edilendir.

♦ Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize çenli gelip ýeten watançylyk goşgulary jemgyýetçilik terbiýesini kemala getirmekde biziň üçin esasy ýörelgedir.

Üstünden 300 ýylyň geçendigine garamazdan, şahyryň şygyrlary türkmen jemgyýetinde we halkara giňişliginde ruhy-ahlak, terbiýeçilik mazmuny bilen ähmiýetli orun tutýar. Magtymgulynyň Watany söýmäge, agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan goşgulary şu gün üçin-de, geljek üçin-de öz gymmatyny ýitirmeýär. Şeýle şygyrlar eziz topragymyzyň, mukaddes Watanymyzyň hakyky eýelerini kemala getirmekde merdana türkmen halkynyň ençeme nesilleriniň ahlak ýörelgelerine öwrülendir.

                  

 

EDEBIÝAT

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,  2017.
  2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ynsan kalbynyň öçmejek nury.  – Aşgabat: TDNG, 2014.
  3. Aşyrow A. Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi. – Aşgabat: TDNG, 2014.
  4. Gurbangeldiýew Ç. Ýagşyny älem arzuwlar.  – Aşgabat: “Ylym”, 2023.
  5. Gurbangeldiýew Ç. Halk ýamanyň bizarydyr.  – Aşgabat: “Ylym”, 2023.
  6. Magtymguly. Saýlanan goşgular. – Aşgabat: “Türkmenistan”, 1977.