TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

MILLI KANUNÇYLYGYŇ WE HALKARA HUKUGYNYŇ KADALARYNYŇ SAZLAŞYGY

MILLI KANUNÇYLYGYŇ WE HALKARA HUKUGYNYŇ  KADALARYNYŇ  SAZLAŞYGY

Dürli Ballyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk

     öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy 

 

“Halkyň Arakdagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edilmegi “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgäniň giňden dabaralnmagy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hukuk ulgamy barha kämilleşýär.

Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary – bu halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň baş mazmunyny we häsiýetini kesgitleýän, ýokary syýasy, ahlak we ýuridik abraýa eýe bolan kadalaryň jemine aýdylýar. Şuňa laýyklykda, döwletleriň milli hukugy halkara hukugynyň netijeliligine düýpli täsir edýändigi üçin, her bir döwletiň hukugy we olara girizilen ýörelgeler halkara hukugyna laýyk gelmeginiň zerurlygyny aňladýar. Bu babatda Esasy Kanunymyzda Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär diýlip kesgitlenen.

Türkmenistanyň Konstiyusiýasynyň kadalaryny döwrüň talabyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, oňa milli ruhy gymmatlyklary ornaşdyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, maglumat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek ugrunda oňyn halkara tejribesine esaslanýan hukuk özgertmeler geçirilýär. 2020-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamy döredildi. Şeýlelikde, Esasy Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýagdaýyny üýtgetmek, Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlygyna gaýtadan seretmek, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli döwlet häkimiýet edarasyny iki palataly edara öwrüldi.  Iki palataly parlament ulgamy baradaky başlangyç syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Häzirkizaman halkara hukugynyň ýörelgeleri we kadalary halkara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolup, olar degişli ýaşaýyş çygrynda döwletleriň uzak we belli bir maksada gönükdirilen tejribesiniň netijesi hökmünde döredilendir.

BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlyklaryna degişlilikdäki 1970-nji ýylyň halkara hukugynyň ýörelgeleri hakynda Jarnamada we 1975-nji ýylyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky Maslahatyň Helsinki Jemleýji namasynda bar bolan umumy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelmelidir.

Ýörelgeleriň ýokary ýuridik abraýy olaryň imperatiw kadalaryň (jus cogens – imperatiw hukugy) derejesine degişliligi bilen aňladylýar[1]. Imperatiw kadalardan çykmaklyga aýratyn döwletleriň ylalaşygy boýunça olaryň özara gatnaşyklarynda hem ýol berilmeýär, sebäbi şeýle kadalar umuman halkara bileleşigi babatda borçnamalaryň döremegine getirýär. Imperatiw kadalaryna garşy gelýän şertnamalar ähmiýetsiz bolup durýar.

Türkmenistan 1969-njy ýylyň 23-nji maýyndaky Halkara şertnamalar hukugy hakyndaky  Wena Konwensiýasyna 1995-nji ýylda goşuldy. Türkmenistan şertnamalaýyn we adaty kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň tarapynda çykyş edýär, halkara hukugyň esasyny düzýän ýörelgesine – halkara borçnamalary päk ýürekli ýerine ýetirmek ýörelgesine eýerýändigini tassyklaýar.   

Ýokarda aýdylanlaryň esasynda 1969-njy ýylyň Halkara şertnamalar hukugy hakyndaky Wena Konwensiýasynyň kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrmak meselesinde hem öz beýanyny tapdy. Muňa mysal hökmünde, “Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär.” (11, 14s)

“Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygyň  ösmegine ýardam edýär.” (15, 15s)

 “Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.” (16, 15s)

Şeýlelikde, biziň döwletimiziň Esasy Kanunynda halkara hukugynyň ýörelgeleriniň ençemesi berkidilendir.

Türkmenistan BMG-niň ençeme wajyp konwensiýalaryna goşulyp, dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Bu ugurdaky anyk ädim bolup, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlary bolup durýar.

Türkmenistanyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerine degişlilikde ileri tutulýan nukdaýnazarlarynda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek temasy aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynda yglan edilen adamyň hukuklaryny üpjün etmeklige we goramaklyga gönükdirilen esasy ýörelgeleri we institutlary birleşdirýän halkara ynsanperwerlik hukugy çygrynda öz borçnamalaryny gürrüňsiz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde görkezýär.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda kabul edilen “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu kanun adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda ýurdumyzda ilkinji gezek döredilýän garaşsyz edaranyň, Adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini hem-de onuň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Kanunda Adalatçynyň wezipesiniň adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet  edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmekdigi kesgitlenilýär.

           Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanunynyň kabul edilmegi  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda gol çeken Karary bilen tassyklanylan Adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Kanuna 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda üýtgeşmeler girizilip, adam söwdasyna garşy hereket etmegiň guramaçylyk we hukuk esaslary, adam söwdasyndan ejir çekenleri goramagyň, olaryň hukuklarynyň dikeldilmeginiň we olara kömek bermegiň, şeýle hem adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamagyň toplumlaýyn çäreleri kesgitlenilýär we adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalar bellenilýär.

Şertnamalaýyn-hukuk esasynyň seljerişi Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik hukugy babatda, halkara hukugynyň şu pudagynda ençeme şonuň ýaly  ugurlary düzgünleşdirýän konwensiýalary tassyklandygyny görkezdi. Bulara “Bosgunlaryň statusy hakynda”, “Apatridleriň statusy hakynda”, “Bakteriologik (biologiýa) we toksin ýaragyny işläp taýýarlamagy, öndürmegi we ätiýaçlyklary toplamagy gadagan etmek we olary ýok etmek hakynda”, “Himiýa ýaragyny işläp taýýarlamagy, öndürmegi, toplamagy we ulanmagy gadagan etmek we ony ýok etmek hakynda”, “Pyýada goşunyň garşysyna ulanylýan partlaýjylary ulanmaklygy, ätiýaçlyklara toplamagy, öndürmegi we bermegi gadagan etmek we olary ýok etmek hakynda” Konwensiýalary we “Çaganyň hukuklary hakynda” Konwensiýanyň Fakultatiw protokolyny mysal edip görkezmek bolar.

 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz öz  çykyşynda “Türkmenistanyň dünýä bileleşigine doly goşulmagy, halkara taslamalara işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň milli kanunçylygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegi talap edýär. Şu maksat bilen, milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topar bilen degişli işleri geçirmeli we anyk teklipleri bermeli” diýip belläp geçdi.

Hut şonuň üçin 2021–2023-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwerlik hukugyny ornaşdyrmak boýunça çäreleri geçirmegiň Meýilnamasyny tassyklamak şeýle hem, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň üçin iş meýilnamasy hem tassyklanyldy.  Bu Meýilnama milli kanunçylygyň onuň halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine laýyk gelýändigine seljerişi geçirmeklik girýär. Hususan hem, düzgünleşdiriş predmeti halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalary bilen baglanyşykly Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksini we beýleki kanunlary seljermekligiň zerurlygy, geçirilen seljerişiň netijesinde bolsa teklipleri taýýarlamak bellenildi.

Türkmenistan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýyly uly üstünlikler hem-de täze belent maksatlar bilen garşylady. Türkmenistan halkara hukugy çygrynda kabul edilen kadalary ýerine ýetirmek boýunça borçnamalary gyşarnyksyz we yzygiderli berjaý edýär. Bu iş hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ata Watanymyzyň ösüşleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent maksatly işleri rowaç bolsun!

EDEBIÝATLAR:

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020ý.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy. –A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015ý.  

3. Международное право: редактор Ф.И. Кожевников. Москва, 1987 г.

4. Тиyнов О.И. Международное гуманитарное право. Москва, 1999 г.
5. https://minjust.gov.tm

 6.“Halkara şertnamalar hukugy hakyndaky” 1969-njy ýylyň Wena Konwensiýasy.