TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTAN WE UNISEF: HER BIR ÇAGANYŇ BÄHBIDINE NETIJELI IŞLEMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK

TÜRKMENISTAN WE UNISEF: HER BIR ÇAGANYŇ BÄHBIDINE NETIJELI IŞLEMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK

Mohammad Faýýazi,

UNISEF-niň Türkmenistandaky wekili

2021-nji ýylda – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny belleýän ýylynda biz hem UNISEF-niň döredilmeginiň 75 ýyllygyny belleýäris. Bu möhüm seneler we pursatlar, olaryň bilelikde baýram edilmegi bize çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak we goramak boýunça bilelikde iş alyp barýandygymyzy tassyklamaga mümkinçilik berýär.     

Geçen döwürde gazanylan netijelere daýanmak bilen biziň alyp barýan işimiz 2021-nji ýylda UNISEF-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelýändigini görkezýär. Biziň täze bäşýyllyk Ýurt boýunça Hyzmatdaşlyk Maksatnamamyzda UNISEF Türkmenistanyň Hökümetine çagalaryň hukuklaryny goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmeginde goldaw bermegini giňeltdi. Bu Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada göz öňünde tutuldy hem-de Çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasynda tassyklanyldy. Bu maksada ýetmek üçin UNISEF saglygy goraýyş, çaganyň iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalary zorlugyň, ýowuz garaýşyň hem-de durmuş-ykdysady pesligiň ähli görnüşlerinden goramak; şeýle hem Türkmenistanyň çagalary we ýaşlary üçin ýokary hilli bilime we bilim bermek mümkinçiliklerine elýeterliligi üpjün etmek babatda tutuş ýurt boýunça köp sanly edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltdi. Bu Türkmenistanyň DÖM-ne hem-de çaganyň hukuklaryna ygrarlylygyna laýyklykda ähli çagalaryň durmuşyny has-da gowulandyrmak üçin esasy ugurlar bolup durýar.    

Şu ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli  Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem-de UNISEF-niň Türkmenistandaky ozalky wekili Kristin Weýgand bilen bilelikde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy. Bu sapar merkeziň hem-de körpelere hyzmat edýän, olaryň ösmegine ýardam edýän işine wepaly ussat lukmanlaryň möhüm işini aýdyň görkezi. Çaganyň irki ösüi UNISEF-niň Türkmenistanda alyp barýan işiniň esasy ugry bolup durýar we şeýle bolmagynda galar, çagalaryň köpsanlysynyň şol hyzmatlara elýeterli bolmagy üçin bu merkeziň işini guramak we ösdürmek boýunça öňden gelýän hyzmatdaşlyk dowam etdiriler.        

Çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň 2018-2022-nji ýyllar üçin milli meýilnamasyny amala aşyrmagy dowam etmek bilen global pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmelere garamazdan birnäçe möhüm işler ýerine ýetirildi. Öňe ilerlemäniň netijeleri we ugurlary 2022-nji ýylda täze ÇHHM işläp taýýarlamak üçin esas döretjek ÇHHM beriljek bahada beýan ediler.     

Pandemiýanyň meselelerine garamazdan dowam etdirilen meýilnama boýunça sanjym geçirmegiň maksatnamasy Türkmenistanyň gazanan möhüm netijeleriniň biridir. Şonda ýurt UNISEF bilen bilelikde 2021-2025-nji ýyllar üçin serişdeleri satyn almagyň bäşýyllyk meýilnamasyna laýyklykda immunlaşdyrmagyň maliýeleşdirilmegini ep-esli artdyrdy. Bu meýilnama 2020-nji ýylda gol çekildi, ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen satyn alyş hyzmatlary boýunça Özara düşünişmek hakynda ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowamy bolup durýar. Şol meýilnamanyň çäklerinde 2021-nji ýylyň dowamynda UNISEF poliomelide, gyzamyga, epidemik parotite, gyzylja, difteriýa, bürmege, gökbogma, gemofiliýa ýokanjyna, A gepatitine, pnewmokokka we inçe kesele garşy sanjymlaryň 2 tapgyryny getirdi.            

2021-nji ýylyň beýleki wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň ýakyn iki ýyl üçin Azyk babatda hyzmatdaşlyk platformasynda başlyklyk etmegini, şeýle hem “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň tassyklanmagyny görkezmek bolar, ol UNISEF-niň goldaw bermegi bilen işlenip taýýarlanyldy. 

UNISEF Ýiti ýokanç kesellerine täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny hem-de Dessin durmuş-ykdysady taýdan täsir etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermegini dowam etdi. Şol meýilnamalaryň çäklerinde UNISEF töwekgelçilikler hakynda kommunikasiýalary berkitmekde Hökümeti goldamak babatda BMG-niň agentlikleriniň tagallalaryna ýolbaşçylyk etdi hem-de Telewideniýe boýunça döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň üsti bilen birnäçe çäre geçirdi. Hususan-da, UNISEF BSGG-nyň maslahat beren öňüni alyş çäreleri barada wideo we animasiýa habarlaryny işläp taýýarlady, ýurduň ähli mekdeplerinde şol habarlar ýazylan plakatlary ýaýratdy hem-de arassaçylygy wagyz etmek boýunça çäreleri geçirdi. Mundan başga-da, UNISEF zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny we arassaçylyk serişdelerini saty alyp, ýurda getirmek bilen Türkmenistana goldaw berýär. Häzire çenli UNISEF çagalar we uly adamlar üçin kislorod kosentratlarynyň 110-ny hem-de ugurdaş sarp edilýän serişdeleri, hassahanalar üçin çaga sfigmomanometrleriniň 2000-ni, suwuk sabynyň 20 müň litrini we elleri ýokançsyzlandyrmak üçin dozatorlaryň 5 400-ni, biologik howply haltalaryň 17 000-ni hem-de galyndylary howpsuz ulanmak üçin gutularyň 15 000-ni getirdi.               

 Pandemiýanyň jemgyýete we ykdysadyýete ýetirýän täsirine düşünmek üçin UNISEF, Halkara zähmet guramasy (HZG) hem-de Bütindünýä banky COVID-19 modulynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan yzygiderli barlaga goşulmagyny goldadylar. Pikir soraşmalaryň netijeleri pandemiýanyň ilata ýetirýän täsirine gözegçilik etmek üçin gymmatly maglumatlary almaga ýardam etdi.          

2021-nji ýylda UNISEF hem-de Türkmenistanyň Hökümeti çagalary goramak boýunça işleri dowam etdiler hem-de jemagat hojalyklarynyň işgärlerini gurşap alýan çagalary durmuş taýdan goramak, çagalara seretmek hem-de 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnama hakynda Resminamanyň çäklerinde çagalaryň meseleleri boýunça adyl kazyýetlilik babatda doly maksatnamanyň bir bölümini döretdiler.  Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy we goralmagy bölüminiň çäklerinde UNISEF çagalary durmuş taýdan goramak we gorag ulgamlaryny hem-de olar bilen bagly bolan özgertmeleri goldamaga gatnaşygyna esaslanar, olar mätäç çagalara we maşgalalara has netijeli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berer. Ozal biz  çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy we goralmagynyň belli bir ugurlary bilen meşgullanýardyk, häzir biz bu işi ýakyn bäş ýyl üçin ep-esli giňeldýäris. Şunuň bilen baglylykda durmuş-ykdysady ösüşiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Prezident maksatnamasy ilatyň gowşak goralýan toparlary üçin durmuş ulgamynyň hem-de ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar. Bu çagalar babatda zorlugy bes etmek, maşgaladan aýrylmagynyň öňüni almak hem-de ene-atasynyň howandarlygyndan mahrum bolan çagalara degişli derejede seretmek we zerurlyk bolan halatynda  ähli çagalaryň adyl kazyýetlilige mümkinçiligini üpjün etmek maksady bilen çagalary goramagyň bar bolan usullaryny pugtalandyrmaga başlamak üçin möhüm pursat bolup durýar.

UNISEF durmuş goraglylygy babatda BMGÖM, UNFPA we BMG-niň NJM edaralary bilen bilelikde DÖM Gaznasynyň goldaýan birinji Bilelikdäki maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrýar. Ol “Ýerli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş gorag ulgamyny kämilleşdirmek” diýlip atlandyrylýar. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylygynda hem-de esasy ministrlikleriň we edaralaryň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň noýabryndan jemgyýetler derejesinde inklýuziw hyzmatlarynyň täze nusgasy synagdan geçirildi, durmuş hyzmatlary boýunça hünärmenleriň 45-si hakyna tutuldy hem-de Türkmenistan boýunça 20 etrapda ýerli derejede ilkinji durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça okuw geçildi. Şol maksatnamanyň çäklerinde 2021-nji ýylyň dowamynda UNISEF ýöriteleşdirilen täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirdi, has takygy ýerli derejede köp çagaly, maýyp çagaly maşgalalary goldamak, çagalara we ýaşlara döwletliler köşgünden maşgala we jemgyýete gowuşmak babatda goldaw bermek ýaly işleri synagdan geçirdi.         

Şu ýyl ÇHK-niň we HMM-niň maslahatlaryna laýyklykda çagalara ÇHK-niň maddalary hem-de ýurtda çagalaryň ýagdaýy boýunça pikirlerini beýan etmäge mümkinçilik döredildi. Şol resminamalar çagalaryň öz durmuşyna degişli çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga, abadan durmuşa we ösüşe hem-de öz pikirini beýan etmäge (6-njy Maksat) bolan hukuklaryny göz öňünde tutýar.  Bilim ministrliginiň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň giňden goldaw bermegi bilen çagalaryň 150-den gowragy tomusky dynç alyş merkezlerinde boldular hem-de öz hukuklaryna degişli anketalary doldurdylar. Alynan netijeler Adalatçynyň Diwanyna Çaganyň hukuklary baradaky komitete alternatiw hasabaty taýýarlamakda peýdaly goşant bolup hyzmat eder.       

Dogluşlaryň we ölümleriň doly hasaba alynmagyny üpjün etmek üçin  UNISEF Adalat Ministrligine hem-de beýleki degişli ministrliklere taryhda ilkinji raýat ýagdaýynyň namalaryny hasaba alyş Reýestri hem-de ilatyň  tebigy hereketiniň statistikasyny (CRVS) düzmekde goldaw berýär. Şeýle Reýestriň  işlenip taýýarlanylmagy DÖM-niň 17 görkezijilerinden 12-si,  67-den gowrak görkezijiler boýunça maglumat almaga mümkiçilik berer. Şol goldawyň çäklerinde ýurtda dogluşlary we ölümleri hasaba almak barada kanunçylyga syn hem-de CRVS Reýestrini düzmek üçin Ýol kartasy  işlenip taýýarlanyldy.

DÖM-niň monitoringi we bilimleri alyşmak boýunça tagallalary dowam etmek bilen UNISEF şu ýyl Statistika baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda çagalar bilen bagly DÖM-ne ýetmekde ösüşiň Synyny taýýarlady, ol https://www.unicef.org/turkmenistan/reports/progress-every-child-turkmenistan  salgysy boýunça jemgyýetçilik üçin elýeterli bolup, Türkmenistanda DÖM-ne ýetmekde ösüşiň orta möhletleýin synyna öz goşandyny goşar.

2022-nji ýylda  Maýyp adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýa boýunça milli hasabatlylyga taýýarlygyň çäklerinde maýyp çagalara milli maliýe goldawlary hakynda maglumatlary toplamak üçin UNISEF Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Maýyp adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýa kybap gelýän býujeti düzmegiň konsepsiýasyny ornaşdyrmak boýunça işe başlady.

Şu ýyl biz Bilim ministrligi hem-de beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde  Türkmenistanda ähli çagalaryň, aýratyn-da maýyp çagalaryň ýokary hilli inklýuziw bilim hem-de çagalaryň gözýetimini giňeldýän we abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam edýän okuwa mümkinçilik almaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdik. Irki ýaşdaky çagalary ösdürmek boýunça pudagara iş topary döredildi, ol çagalar we olaryň maşgalalary babatda pudagara syýasatyň milli derejede utgaşdyrylmagyny berkitdi. UNISEF Ministrlige eller üçin  zyýansyzlandyryjy serişdeleriň 2000-ni gowşurdy, olar ýokançlaryň öňüni almak we arassaçylygy wagyz etmek üçin Türkmenistanyň mekdeplerinde ulanylýar.   UNISEF Bilim ministrligi bilen bilelikde milli bilim dolandyryş maglumatlar ulgamyny, sanly bilimiň hem-de okuw maksatnamasynyň, mugallymlary taýýarlaýyş maksatnamasynyň üýtgäp durmagyna uýgunlaşdyrylan ýol kartasyny işläp taýýarlamak boýunça işleri dowam eder.

UNISEF Hökümetde, raýat jemgyýetinde, habar beriş serişdelerinde, ylmy toparlarda, halkara guramalarynda, diplomatik wekilhanalarda işleýän hyzmatdaşlaryna Türkmenistanyň çagalaryna bagtly durmuşda ýaşamak, sagdyn bolmak, doly derejede bilim almak we ösmek üçin ýardam etmäge gönükdirilen bilelikdäki işlere berilýän goldaw hem-de ygrarlylyk üçin hoşallygyny beýan edýär.