TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARYNY WE AZATLYKLARYNY GORAMAGYŇ KONSTITUSION GURALLARY

TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARYNY WE AZATLYKLARYNY GORAMAGYŇ KONSTITUSION GURALLARY

Şemşat ATAJANOWA, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölümi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny üpjün etmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň öňe gidişligiň we erkinligiň ýoly boýunça ösüşi adam hukuklaryny giňeltmek we olaryň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Jemgyýetçilik ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny berjaý etmek we olaryň möçberini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary we azatlyklary — bu döwletliligiň kämilligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha bermegiň baş çelgisidir. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Häzirki wagtda ýurdumyz özüni dünýä giňişliginde demokratik jemgyýeti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet hökmünde tanatdy. Mälim bolşy ýaly, adam, onuň mizemez hukuklary we azatlyklary şol jemgyýetiň esasy gymmatlyklary bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakyndaky Jarnamanyň1 kabul edilmegi döwletimiziň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek hyjuwyny aýdyň görkezdi. Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkit mek, her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny, azatlyklaryny amala aşyrmak, bu ugurda halkara hukuk kadalaryna we dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryna ygrarlylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.2016-njy ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Türkmenistanyň we ähli raýatlaryň syýasy durmuşynda möhüm waka, geljekki demokratik özgertmeleriň, jemgyýetiň we döwletiň institutlaryny üstünlikli özgertmegiň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Esasy Kanunyň rejelenen görnüşi — milli döwletliligiň, ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esasyny goýdy, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny halkara standartlarynyň derejesinde berkitdi. Bu kadalaşdyryjy hukuk nama Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň (AHÄJ), Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygynyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara ylalaşygynyň esasy taglymlaryny we ýörelgelerini öz içine aldy. BMG-niň ähli jarnamalaryndan has möhümi we köpugurlysy, adamzadyň ahlak nusgasy hasaplanýan AHÄJ-niň 70 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda bu barada bellemek hasda guwançlydyr. Şonuň bilen birlikde, Esasy Kanunda kesgitlenen adam hukuklarynyň türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, adalatlylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, rehimlilik, myhmansöýerlik ýaly häsiýetler bilen berk baglydygy bellärliklidir. Bu bolsa umumy ykrar edilen adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň halkymyzyň ruhy we medeni kuwwatyna laýyk gelýändigini hem-de jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde öňe gidişligi şertlendirýändigini aňladýar. Türkmenistan dünýä bileleşigine demokratik gymmatlyklara, dünýäde umumy ykrar edilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi. Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegi milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň işini demokratiýalaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Esasy Kanunda beýan edilen hem-de halkara kadalaryndan ornaşdyrylan raýatlaryň esasy hukuklary we azatlyklary ýurdumyzyň ýörite kanunçylyk namalarynda jikme-jik berkidildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda adam ölçegleri babatda hukuk, ykdysady, institusional ugurlarda hem anyk ädimler ädildi we häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletiň we jemgyýetiň işiniň dürli ugurlaryna degişli hukuk namalary düýpli täzelendi. Milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Taryhyň häzirki döwründe adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň gurallaryny döretmek boýunça wezipeleri çözmek juda wajyp ähmiýetli bolup, döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Ýokary hukuk düşünjesini, ahlaklylygy kemala getirmezden, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, halkara kadalary bilen kepillendirilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmezden adama hormat goýmak ýagdaýyny döretmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň 30-njy martynda milli parlamentiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda çykyş edip, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna, adamyň janynyň we saglygynyň eldegrilmesizliginiň kepillendirilmegine, günäsiz hasap etmek ýörelgesiniň berjaý edilmegine uly üns berilmelidigini belledi. Milli Liderimiz hereket edýän kadalaşdyryjy namalary düýpli seljermegiň hem-de döwrüň talaplaryna we halkara hukugynyň standartlaryna laýyk gelýän täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň zerurdygyna halkyň saýlan wekilleriniň ünsüni çekip, „Bu kanunçylyk namalary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen düzgünler we kadalar esasynda berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir”2 diýip belledi. Şeýle hem Esasy Kanunyň 9-njy maddasynda berkidilen ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakyndaky kadanyň Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulmagy hem-de ähli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin zerur hukuk şertlerini döredýändigini bellemek gerek. Biziň ýurdumyz konwensiýalaryň we şertnamalaryň 140-dan gowragynyň gatnaşyjysy bolup, olar döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, durmuş ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmek boýunça halkara hukuk gatnaşygynyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň adam hukuklary babatdaky konwensiýalarynyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçnamalaryny üýtgewsiz berjaý edýär. Halkara gatnaşyklaryny netijeli, döredijilikli berkitmek maksadynda Türkmenistan iri abraýly guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki düzümler bilen ysnyşykly gatnaşýar. Soňky ýyllarda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň depgini ep-esli ýokarlandy. Dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar munuň şeýledigini tassyklaýar: 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna (ÖHÇM), Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna, Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasynyň Hereketleriniň Meýilnamasyna we beýlekilere gol çekildi. BMG-niň birnäçe düzümlerine, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine (hemişelik esasda), 2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşine (BMG-zenanlar), 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine, şeýle hem 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna agzalyk Türkmenistanyň dünýäniň umumy ösüşine mynasyp goşant goşmak babatdaky işinde halkara tagallalarynyň ykrar edilmegi bolup durýar. Türkmenistanyň bu düzümlere saýlanylmagy ýurdumyzyň adam hukuklaryny, gender deňligini, çaganyň iň gowy bähbitlerini ilerletmäge hem-de degişli syýasaty, standartlary we kadalary dünýä derejesinde taýýarlamakda we işläp düzmekde BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen işjeň ornunyň tassyknamasy bolup hyzmat edýär. Bu toparlaryň çäklerinde amala aşyrylýan işler adam hukuklary babatda halkara standartlaryny üpjün etmekde ýokary hilli netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda adam hukuklary hakyndaky konwensiýalar boýunça milli hasabatlary taýýarlamak we BMG-niň Şertnamalaýyn edaralaryna bermek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. Halkara hukugynyň kadalary milli hukuk giňişligine ornaşdyrylanda halkara guramalarynyň maslahatlary nazara alynýar. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA), Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG), BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky Wekilhanalarynyň maslahat görnüşinde goldaw bermegi bilen, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli amala aşyrylýar. Meýilnamalar taýýarlanylanda BMG-niň degişli komitetleriniň maslahatlarynyň hem-de ýurdumyzyň Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça kabul eden maslahatlarynyň nazara alnandygyny bellemek gerek. Ynsanperwer ýörelgeleri, onuň döredijilik we ylalaşdyryjylyk kuwwatyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (AHÝKM) bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmeginiň çäklerinde degişli resminamalary kabul etmek arkaly ynsanperwerlik taglymlaryny we adam hukuklarynyň goralmagyny has-da ilerletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunlukda, ýurdumyz: — „Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Türkmenistanyň we Braziliýanyň Bilelikdäki beýannamasynyň awtory; — „Aýallar we gyzlar babatda zorlugyň täsiri hakynda” BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň (BMG AHG) Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlarynyň sebitdäki toparynyň adyndan Bilelikdäki beýannamanyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň „Her bir gyzyň bilim almaga bolan hukugyny deň amala aşyrmagy” atly Rezolýusiýasynyň, beýlekiler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda başlangyjy beýan edilýän „Sportuň we Olimpiýa taglymynyň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” Rezolýusiýasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň başyny başlan medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam bermek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň awtordaşy boldy. 2018-nji ýylyň fewralynda Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 37-nji mejlisiniň her ýylky ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde türkmen tarapynyň başyny başlan „Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklarynyň ösüşi: Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň 70 ýyllygynyň çäklerinde” atly bilelikdäki ugurdaş çäre geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady adam hukuklaryny ösdürmek babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleri tarapyndan geçirilýän işler barada Geňeşe gatnaşyjy ýurtlaryň habarlylygyny artdyrmakdan ybarat boldy. Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerini işjeň amala aşyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek dünýä bileleşigine aýdyň görkezdi. Ähmiýetli wakalaryň hatarynda 2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG AHG tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetiniň başyny başlan Merkezi Aziýada adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak meselesi boýunça Bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegini görkezmek gerek. Resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu ugurdaky borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup galýandygy bellenilýär. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-niň Geňeşine gatnaşyjy ýurtlaryň, şeýle hem BMG-niň AHÝKM-niň ýolbaşçysynyň ählumumy goldawyna eýe boldy. Munuň özi döwletimiziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş sebitde adam hukuklaryny üpjün etmek babatda mundan beýläkki özgertmelerdäki pugta ornuny tassyklady. Döwletimiz şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna uly ähmiýet bermek bilen, goramagyň kanuny görnüşlerine we usullaryna elýeterliligiň deň şertlerini döretmek arkaly olaryň anyk üpjün edilmegi barada alada edýär. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksadynda hormatly Prezidentimiziň teklibiniň esasynda Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň instituty girizildi. Bu babatda ýokary syýasy erk halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, hususan-da, Pariž ýörelgelerine — milli hukuk goraýjy edaralaryň işini emele getirýän we kesgitleýän halkara standartlaryň toplumyna esaslanýar. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan „Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol Adalatçynyň işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini hem-de onuň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Bu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. 2017-nji ýylyň 20-nji martynda bolsa, bäsleşik esasynda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil saýlanyldy, soňra onuň Diwany döredildi. Kanuna laýyklykda, Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranynda garaşsyzdyr hem-de haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat berýän däldir. Kanuna görä, Adalatçy her ýyl öz işi hem-de ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine berýär. Adalatçynyň her ýylky maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär. Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär3. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň — Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň, şeýle hem bu Toparyň işini utgaşdyrýan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hereket edýändigini bellemek gerek. Adam hukuklary, olary goramak, üpjün etmek ýurdumyzy ösdürmegiň maksady we esasy netijesi bolup, olar demokratik gymmatlyklary ugur edinýär. Adam hukuklaryny hormatlamak we goramak — bu döwlet häkimiýetiniň demokratiýalylygy gurulýan binýatdyr. Adamyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän hukuklary we azatlyklary ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki we ukyby döredýär, bu bolsa, öz nobatynda, hakyky asudalygy we tutuş adamzadyň ösüşini üpjün edýär.

EDEBIÝAT:

1. Türkmenistanda aýallaryň hukuklary. Türkmenistanyň kanunçylyk namalary we halkara hukuk resminamalary.

Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ý. 79-81 s.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy // „Demokratiýa we hukuk” atly ylmy-amaly žurnal. 2018-nji ýylyň 1-nji sany. 10 s.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 157-nji madda.