Oguljennet BERDILIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň başlygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, bu ýokary wekilçilikli edaranyň ähmiýetini bellemek bilen, halk demokratiýasynyň bu kadasynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýändigini nygtady. Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar, diýip Milli Liderimiz belledi. “Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň maksatnamalaýyn, tertipnamalaýyn maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, Kärdeşler arkalaşyklary ýurdumyzda iri jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kärdeşler arkalaşyklary agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykda beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalary bolup durýar.
Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklary uly mümkinçiliklere, uly adam serişdelerine, giň kanuny ygtyýarlyklaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň doly hukukly we garaşsyz instituty bolup durýar, jemgyýetde durnuklylygy we milli ylalaşygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny doly goldamak bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy ykdysady, durmuş we syýasy taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen esasy ugruny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, “Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar” diýip belledi. Şu konseptual wezipelerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary durmuş-ykdysady, zähmet, medeni-ynsanperwer ulgamlarda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzda hemişe adamyň demokratik hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, raýatlaryň parahatlygy, ykdysady we syýasy durnuklylyk, milletara ylalaşyk, durmuş ugurly bazar ykdysadyýeti ugrunda çykyş edip geldi.
Şunda kärdeşler arkalaşyklary we olaryň ähli derejelerdäki edaralary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alyp barýarlar.
Kärdeşler arkalaşyklary we olaryň ähli derejelerdäki edaralary milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar.
Zähmetkeşleriň joşgunly zähmeti bilen “akylly” şäher – Arkadag şäheri, beýleki ilatly ýerleriň onlarçasy, gazgeçirijiler, ýokary tizlikli awtobanlar, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlary, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim, sport ulgamlaryna degişli döwrebap desgalar, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bina edildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, talyp haklary, döwlet kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar, 8-nji martda bellenilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli bolsa, mähriban zenanlarymyza pul sowgatlary gowşurylýar.
Durmuş ulgamynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryna, şol sanda öňden gelýän taryhy bolan kärdeşler arkalaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň jar edilmegi hem-de onuň syýasy we jemgyýetçilik gurluşynyň üýtgemegi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň durmuş-syýasy wezipesi hem üýtgedi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy bolmagy ýardam etdi.
1995-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň I Guramaçylyk gurultaýy geçirildi, onda Guramanyň Maksatnamasy we Tertipnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda her bir kärdeşler guramasy guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça jemgyýetçilik guramasy bolup durýar hem-de ilkinji kärdeşler guramalaryndan, pudaklaýyn kärdeşler guramalaryndan we kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerli birleşiklerinden ybaratdyr. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň häzirki guramasy önümçilik-pudaklaýyn we ýerli ýörelgeleriň utgaşmagyna esaslanýar hem-de 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýyna görä, şu düzümleri öz içine alýar: 6641 sany ilkinji guramalar, 14 sany pudaklaýyn kärdeşler guramalary, 5 sany welaýat kärdeşler birleşmeleri, Arkadag şäheriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesi, 37 sany etrap we 3 sany şäher kärdeşler birleşmeleri, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi. Kärdeşler arkalaşyklary köpçülikleýin jemgyýetçilik guramalary bolup, ýurdumyzyň syýasy ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Biziň ýurdumyz Halkara zähmet guramasynyň esasy Konwensiýalaryny tassyklady. Türkmenistan on bir konwensiýany tassyklady we olaryň gatnaşyjysy bolup durýar, şol konwensiýalaryň 8-si Halkara zähmet guramasynyň esasy konwensiýalarydyr. Olaryň hatarynda kärdeşler arkalaşyklary üçin 1948-nji ýylyň 9-njy iýulynda tassyklanan MOT№ 87 belgili “Assosiýasiýalaryň erkinligi babatda we gurama üçin hukugyň goralmagy” Konwensiýasy möhüm resminama bolup, ol ähli zähmetkeşleriň we iş berijileriň guramalary döretmäge hem-de öňünden rugsat almazdan öz islegiňe görä olara girmäge bolan hukuklaryny kesgitleýär we döwlet häkimiýet edaralary goşulmazdan olaryň işiniň erkinliginiň birnäçe kepilliklerini kesgitleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýändigi, jemgyýetçilik birleşikleriniň kanunyň öňünde deňligi hakynda düzgün berkidildi. Esasy Kanunyň 44-nji maddasynda: “Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar” diýilýär.
Şunda kärdeşler arkalaşyklaryna degişlilik raýatlaryň kanunçylyk taýdan kepillendirilen zähmet, durmuş-ykdysady, syýasy, şahsy hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine alyp barmaýar. Belli bir kärdeşler guramasyna degişlilik, oňa girmek ýa-da çykmak sebäpleri boýunça işe kabul etmegi, iş boýunça ýokary çekmegi, şeýle hem işden boşatmagy şertlendirmek gadagan edilýär.
Ýurdumyzda ähli kärdeşler guramalary deň hukuklara eýe bolup, olar öz düzümini, maksatlaryny, işiniň görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde erkindir. Kanunçylyga laýyklykda kärdeşler guramalary döwlet häkimiýet edaralaryndan, syýasy partiýalardan, beýleki jemgyýetçilik birleşiklerinden, iş berijilerden garaşsyzdyr. Olar şu ýörelgeleriň esasynda: zähmetkeşleriň bähbidine meýletinlik, agzybirlik we raýdaşlyk, saýlawlylyk, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we hasabatlylyk, aýdyňlyk, kärdeşler guramalarynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekmegi ýaly ýörelgeleriň esasynda hereket edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi durmuş ugurly döwletiň has-da berkidilmegi ugrunda çykyş edýär, häkimiýetiň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralary, iş berijileriň birleşikleri bilen yzgiderli gatnaşykda bolýar. Ol kärdeşler guramasynyň agzalarynyň durmuş we zähmet hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek we olary goramak meseleleri boýunça pudaklaýyn kärdeşler guramalarynyň we ýerli birleşikleriniň hereketlerini utgaşdyrýar, kärdeşler guramalarynyň hukuk kepillikleriniň döwlet derejesinde üpjün edilmegine ýardam berýär.
Şonuň bilen baglylykda, Halkara zähmet guramasynyň 1949-njy ýylyň 1-nji iýulynda gol çekilen № 98 belgili «Köpçülikleýin şertnamalary guramaga we baglaşmaga bolan hukuk ýörelgelerini ulanmak babatda» Konwensiýasynyň tassyklanylmagy Türkmenistanyň Zähmet kodeksine durmuş hyzmatdaşlygy institutynyň girizilmegini şertlendirdi, şonuň bilen birlikde döwletimiz köpçülikleýin şertnamalaryň we köpçülikleýin ylalaşyklaryň baglaşylmagyna aýratyn ähmiýet berdi. 2018-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklary bilen bagly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň HZG-niň umumy ykrar edilen kadalaryny we düzgünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrýanlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi hakyna tutma işgärleriň hukuklaryny goramagyň usuly bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletiň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň hem guraly bolup durýar.
Häzirki wagtda 2022-2024-nji ýyllar üçin Baş ylalaşyk hereket edýär, onuň esasy maksady durmuş-zähmet gatnaşyklary, zähmet bilen bagly jedelleri çözmek, ilaty iş bilen üpjün etmek, zähmete hak tölemek, raýatlaryň durmuş kepilliklerini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak, ilatyň gowşak goragly toparlaryny durmuş taýdan goramak, ykdysadyýetiň durnuklaşmagyna görä zähmetkeşleriň girdejileriniň artmagyny üpjün etmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda sosial hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmek bolup durýar.
Hut Baş ylalaşyk pudaklaýyn we ýerli ylalaşyklary hem-de köpçülikleýin şertnamalary baglaşmak üçin esas bolup durýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 344-nji maddasyna laýyklykda köpçülikleýin şertnama – kärhanadaky durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hem-de iş berijileriň kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň kärdeşler birleşikleri bilen üç ýyla çenli möhlet bilen baglaşýan hukuk namasy bolup durýar.
Köpçülikleýin şertnamalarda iş berijiniň hem-de işgärleriň arasynda meseleleriň giň topary, şol sanda: zähmete hak tölemegiň görnüşi, ulgamy we möçberi, pul sylagy, kömek puly, öwez dolmalary, goşmaça haklar, zähmete hak tölemegi düzgünleşdirmegiň usuly; işgärleriň iş bilen üpjünçiligi, gaýtadan öwredilmegi, hünäriniň ýokarlandyrylmagy, işgärleri işden boşatmagyň şertleri; iş wagtynyň we dynç alyş wagtynyň dowamlylygy; işgärleriň, şol sanda aýallaryň hem-de on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmet we goraglylyk şertlerini gowulandyrmak; işgärleriň aýry-aýry toparlary üçin ýeňillikler boýunça özara borçnamalar beýan edilýär.
Zähmetkeşlere hukuk kömegini we goldawyny bermek üçin TKAMM-niň diwanynda tejribeli hukukçylaryň işleýändigini bellemek gerek, olar raýatlara her gün tölegsiz esasda maslahatlary berýärler. Şunda kärdeşler arkalaşygynyň hukuk kömegi adamlar üçin elýeterli bolup, ony telefon arkaly, şahsy kabul edişlikde almak mümkindir. Kärdeşler arkalaşygynyň tölegsiz hukuk kabul edişlikleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilýär.
Kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek arkaly howpsuzlyk we zähmeti goramak babatda milli syýasaty mundan beýläk-de ösdürmek we güýçlendirmek boýunça işler häzirki döwürde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň uly we jogapkärli bölegi bolup durýar. Kärdeşler arkalaşyklary işleýänler üçin zähmetiň howpsuz we sagdyn şertleriniň döredilmegine, olarda howpsuz zähmetiň ýokary medeniýet derejesiniň kemala gelmegine, önümçilikde şikest ýetmeleriň we hünär kesellemeleriniň öňüni almagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar. Ähli ýerlerde dürli derejedäki kärdeşler guramalary işgäriň zähmet borçnamalaryny ýerine ýetirende oňa iş beriji tarapyndan ýetirilen zyýanyň öz wagtynda we doly öweziniň dolunmagyny gazanýarlar.
Önümçilik kärhanalarynyň we edaralarynyň kärdeşler arkalaşyklary komitetleri işgärlere ýörite egin-eşikleriň, aýakgabynyň we beýleki şahsy gorag serişdeleriniň, zähmetiň zyýanly şertlerinde işleýän işgärlere bolsa, süýdüň, çaýyň tölegsiz berilmegine gözegçilik edýärler. Kanunçylyga laýyklykda iş berijiler kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetleri bilen her ýyl berilýän esasy zähmet rugsatlarynyň, goşmaça tölegli rugsatlaryň tertibini ylalaşýarlar, zenanlary agyr işlerden we zähmetiň zyýanly şertleri bolan işlerden boşatmak boýunça çäreleriň toplumyny amala aşyrýarlar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary bu ugurda esasy netijeleri her ýylyň 28-nji aprelinde bellenilýän Zähmeti goramagyň bütindünýä gününe gabatlap jemleýärler.
Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygynyň adam bolup durýandygy hakynda konstitusion kadadan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ýerlerdäki kärdeşler guramalary her ýyl zähmetkeşleriň we olaryň maşgalalarynyň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin anyk çäreleriň toplumyny amala aşyrýarlar. Gürrüň, olara ýurdumyzyň “Аrçman”, “Моllagara”, «Ýyly suw” ýaly şypahanalaryna ýeňillikli ýollanmalaryň berilmegi dogrusynda barýar.
Galyberse-de, TKAMM-niň öz sagaldyş binýady: ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşen 150 orunlyk “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi, şeýle hem “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda tutuş ýylyň dowamynda işleýän çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen 400 orunlyk “Daýanç” sagaldyş merkezi bolup, olar üstünlikli hereket edýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi, pudaklaýyn we ýerli kärdeşler guramalary ýaş agzalarynyň zähmet hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramaga gönükdirilen işleri geçirmek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlary kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň ähli ugurlaryna çekmäge çalyşýarlar. Olar ähli derejelerdäki kärdeşler guramalarynyň ýolbaşçy wezipelerine has tejribeli, işjeň ýaşlary görkezmäge ymtylyp, olary kärdeşler guramasyna agzalygyň ähmiýetini artdyrmak, ähli derejelerdäki ylalaşyklary we köpçülikleýin şertnamalary işläp taýýarlamak bilen bagly işlere işjeň çekýärler.
Maglumat beriş işiniň hem Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň işgärleriň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak, giň medeni-köpçülikleýin we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek boýunça işinde esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Kärdeşler arkalaşyklary ýurdumyzyň maglumatlar giňişliginde giňden tanalýar we soňky ýyllarda TKAMM-niň, onuň pudaklaýyn we ýerli guramalarynyň köpugurly işlerini habar beriş serişdelerinde we sosial ulgamlarda beýan etmegiň derejesi ep-esli ýokarlandy.
Halkara guramalary we daşary ýurtlaryň kärdeşler birleşmeleri, şol sanda Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň işiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Mysal üçin Milli merkeziň wekilleri Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň düzüminde esasy ýolbaşçy mejlisiň – Halkara Zähmet Konferensiýasynyň (HZK) her ýyl Ženewa şäherinde geçirilýän işine yzygiderli gatnaşýarlar.