TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE HUKUK ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE HUKUK ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI

Aşyrgeldi JUMAÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň

Raýat hukugy kafedrasynyň

dosent, hukuk ylymlarynyň kandidaty

Dilber ŞAÝLYÝEWA,

Konstitusiýa hukugy

kafedrasynyň aspiranty

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn özgertmelere tarap ýolda batly gadamlar bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna hormat goýmak we berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek üçin ýurdumyzda çäreler toplumy amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň hukuk ulgamy türkmen halkynyň taryhy mirasyny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýär. Raýat jemgyýetiniň işjeňleşmegi bilen birlikde raýatlaryň hukuk medeniýeti ösýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinde eden çykyşynda (2023-nji ýylyň 11-nji dekabry) belleýşi ýaly, "Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar" [1].

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de hukuk ulgamyny kämilleşdirmek sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň her bir ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüşiň Maksatlarynyň wezipelerine kybap gelýändigini aýratyn bellemek gerek.

Alym Arkadagymyzyň "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi" atly kitabynda belleýşi ýaly, "XXI asyryň gözbaşynda kuwwatly döwleti bina edip, biz halkymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýandygymyza, il-ulsumyzda geljege bolan pugta ynamy kemala getirýändi-gimize ynanýarys. Çünki biziň ösüşle-rimizde adamzadyň geljege gönükdirilen berk ýörelgeleri ýaşaýar" [2, 9-10s.].

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi türkmen döwletliliginiň ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli hukuk ulgamy yzygiderli ösýär. Milli hukuk ulgamynyň binýady hökmünde şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara hukuk namalary işlenilip taýýarlanylanda we kabul edilende Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen tagallalar hyzmat etdi.

1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen "Türkmenistanyň döwlet özygtyýarly-lygy hakynda" Jarnama Türkmenistany özygtyýarly milli döwlet hökmünde özüniň bütin çäginde häkimiýeti doly amala aşyrýandygyny jar etdi we şunuň bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky hil taýdan täze başlangyçlaryň kemala gelmegi üçin binýady esaslandyrdy [3].

Garaşsyz Türkmenistanyň döreme-ginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu resminama 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda "Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda" Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy hukuk şertleri döretdi [4]. Bu Konstitusion Kanun belent maksatlaryň - türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda¸ Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda we halkara hukugyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanunyň agalyk edýän ynsanperwer, demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna Türkmenistanyň çägini öz içine alýan garaşsyz demokratik döwleti - Türkmenistany jar etdi.

Agzalan Konstitusion Kanunyň kabul edilmeginiň örän uly taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetlidigini bellemek bolar. Şeýlelik-de, halkara hukugynda umumy ykrar edilen halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan mizemez hukugyna esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwletli boldy.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky täze durmuşy gurmagyň, berkararlygy we ýurt rowaçlygyny üpjün etmegiň ýoluny taryhy resminamada – Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etdi [5]. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Konstitusiýa özygtyýarly ýaş döwletiň berkarar bolmagynda, syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuş özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda uly hyzmatlary bitirdi. Ol türkmen halkynyň kalbynda beslän isleg-arzuwlaryny, şonuň ýaly-da azatlyk we döwletiň demokratik gurluşy baradaky düşünjelerini özünde jemledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen bagly konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Bu bolsa, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Esasy Kanunymyzda döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berkidýän kadalaryň mazmunyny baýlaşdyrmaklyga we olaryň düzümini sünnälemäge hem aýratyn üns berildi.

Dünýäniň her bir döwletiniň öz kanunlary we hukuk ulgamlary bolup, olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýär. Her bir döwletiň dürli ýagdaýlar bilen şertlendirilen öz aýratynlyklary bolýar. Şol bir wagtda döwletleriň hukuk ulgamlarynyň umumy alamatlary hem bolýar. Olar halkara kadalaryndan ugur alýar.

Hukuk ulgamynyň kömegi bilen kanunçylyk ulgamy jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryjy hök-münde gymmatlygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ählumumy adamzat gymmatlyklaryny özüne siňdirýär. Beýleki tarapdan, kanunçylyk ulgamy jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösüş tapgyryny, döwlet syýasatynyň aýratynlyklaryny we beýleki häzirki zaman özgertmeleri hukuk ulgamynda görkezýär. Jemgyýetimiziň barha ösýän durmuşy milli hukuk ulgamynyň hemişe kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynyň aýratynlyklary milli hukuk ulgamyny kamilleşdirmek we ösdürmek boýunça esasy wezipeleriň we ugurlaryň degişli maksatnamalarda kesgitlenmegi bolup durýar.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan, kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmeklige gönükdirilen birnäçe hukuk namalary kabul edildi.

Hukuk ulgamynyň ösüşiniň taryhyna ser salanyňda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 28-nji noýabrynda çykaran "Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meseleleri hakynda" Karary möhüm waka boldy. Bu Karara laýyklykda, hukuk döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetde demokra-tiýany mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi.

Döwlet toparynyň öňünde Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça tekliplerini taýýarlamak baradaky işini utgaşdyrmak, Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek baradaky teklipleri umumylaşdyrmak we seljermek, Türkmenistanyň kanunçylygyny täzelemek we kämilleşdirmek baradaky taslamalary taýýarlamak, halkara konwensiýalary, şertnamalary we ylalaşyklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny Türkmenistanyň ýerine ýetirmegini üpjün etmek ýaly wezipeler goýuldy. Şol wezipeler üstünlikli çözüldi.

2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen "Hukuk namalar hakynda" Türkmenistanyň Kanuny hukuk döredijilik çygrynda kanunçylygy gutarnykly kemala getirmäge hem-de döwletde we jemgyýetde hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi [5]. Kanunçylyk derejesinde hukuk döredijilik esasy ýörelgeleri berkidildi, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň görnüşleri we iýerarhiýasy kesgitlenildi, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalaryny taýýarlamagyň düzgünlerinde hukuk namalarynyň taslamalarynyň ähli görnüşlerini taýýarlamagyň ýeketäk talaplary bellenildi.

Ýurdumyzda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek işi hemişe üns merkezinde durýar. Kanun çykaryjylyk işi yzygiderli kemala gelýär. Kanunçykaryjylyk we hukuk ulanyş işi yzygiderli öwrenilýär, ol kanunçylygy netijeli kämilleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Hukuk bilimleri ulgamynda kanunçykaryjylyk işi möhüm orun eýeläp, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň guraly hökmünde kanunçykaryjylyk ulgamynyň düýp esasyny we funksional wezipesini häsiýetlendirýär.

Soňky ýyllarda geçirilen işleriň netijesinde birnäçe kodeksler we kanunlar kabul edildi, şeýle hem hereket edýän kanunlara goşma-çalar we üýtgetmeler girizildi. Mysal üçin Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi (24.10.2020ý), Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşi (13.03.2021ý), "Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda" (22.08.2020ý), "Bilim hakynda" (05.06.2021ý), "Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" (01.09.2022ý) Türkmenistanyň Kanunlary we başga-da birnäçe hukuk namalary kabul edildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynyň barha kämilleşdirilýändigini, mazmunynyň döwrebaplaşdyrylýan-dygyny, halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly sazlaşdyrylýandygyny görkezýär. Hukuk ulgamyň döwrebap ösüşi türkmen halkynyň hukuk medeniýetiniň ösüşiniň hem aýdyň şöhlelenmesidir. Çünki kanunçylyk ulgamy we onuň döwrebap-lylygy jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygy we ylalaşygy, asudalygy hem-de agzybirligi üpjin etmegiň möhüm guralydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasaty milli ykdysadyýeti ösdürmeklige we halkyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaklyga gönükdirilendir. Milli kanunçylygyň we hukuk ulgamynyň esasy wezipesi bolsa, adam azatlyklaryny we hukuklaryny goramak, ýurtda düzgün-tertibi üpjün etmek bolup durýar. Hukuk namalarynda Türkmenistan döwletiniň hukuk we demokratik häsiýeti öz beýanyny tapýar.

 

EDEBIÝAT

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisindäki çykyşy (2023-nji ýylyň 11-nji dekabry) “Türkmenistan” gazeti 12.12.2023

2. Berdimuhamedow Gurbanguly. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. – Aşgabat: TDNG, 2020.

3. “Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda” Jarnama // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1990 ý., № 15-16.

4. “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1991ý., № 15.

5. Türkmenistanyň Konstitusiýasy.– Aşgabat: TDNG, 2023.

6. “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3.