Suraý ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň ylmy işgäri
Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, milli girdejiniň artyşy, maliýe we durmuş durnuklylygy türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny häsiýetlendirýän ähli möhüm görkezijileri gowulandyrmagyň çeşmeleri bolup durýar. Ýurdumyzyň ilatynyň ähli durmuş we demografik toparlarynyň ýaşaýşynyň hiliniň ýokary standartlaryny üpjün etmek, olaryň şäherlerde, şeýle hem obalarda ýaşamagynyň amatly abadan we howpsuz şertlerini döretmek alnyp barylýan durmuş syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Şäherleri we obalary özgertmegiň döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda we durmuşa geçirilende oýlanyşykly çemeleşmeler, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ilata esasy durmuş hyzmatlarynyň, energiýa çeşmeleriniň, ulag hyzmatlarynyň giňden elýeterli bolmagy möhüm ölçegler hökmünde çykyş edýär. Şu babatda ýaşaýyş jaýlarynyň giň gerimli gurluşygy, olaryň häzirki zaman binagärlik we gözellik keşbi, ilatly nokatlaryň ekologik taýdan amatlylygy we seýsmik howpsuzlygy, jemagat-durmuş hyzmatlarynyň berilmegi ýurduň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmeginde möhüm delillerdir. Oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylýandygyny olar üçin amatly, abadan ýaşaýyş gurşawynyň döredilendiginde, olaryň ýaşaýşynyň şäher ýaşaýşyna ýakynlaşandygynda, durmuş hyzmatlaryna elýeterliligiň we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilendiginde görmek bolýar.
Mälim bolşy ýaly, ýaşaýyş jaý üpjünçiligi adamlaryň durmuş zerurlyklarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Ýaşaýyş jaý şertleri şahsyýetiň kemala gelmegine, saglygyň goraglylygyna, zähmet we döredijilik çygyrlarynda mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, maşgalanyň döremegine we bagtyýar ýaşamagyna uly täsir edýär.
Raýatlaryň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almagyna ýa-da edinmegine we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmagyna döwlet goldawynyň berilmegi durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýaşaýyş jaý kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap kämilleşdirildi, ony durmuşa ornaşdyrmagyň tejribesi we guramaçylygy döwrebaplaşdyryldy. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we 2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinden hem-de oňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr [1]. Raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmaga we ýaşaýyş jaý bazaryny emele getirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen ykdysady gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi düzýär.
Türkmenistanyň Raýat kodeksi raýathukuk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary bilen birlikde, ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň kadalaryny kesgitleýär, ýaşaýyş jaý eýeleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär [2].
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi (mundan beýläk-TÝJK) milli ykdysadyýetiň erkin bazar gatnaşyklaryna çykmagynyň nazara alynmagy bilen işlenilip taýýarlanyldy hem-de berk durmuş taýdan goraglylyga esaslanýan ykdysady guraly emele getirip, onuň üstünlikli işlemegine gönükdirilendir [3].
TÝJK raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle hem onuň kadalary ýaşaýyş jaý gatnaşyklarynyň döremegi, amala aşyrylmagy, üýtgemegi we bes edilmegi; ýaşaýyş jaý gaznasynyň hasaba alynmagy; ýaşaýyş jaýlaryny ulanmagyň, saklamagyň we abatlamagyň üpjün edilmegi; raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklarynyň berjaý edilişine we ýaşaýyş jaýlarynyň maksatly peýdalanylyşyna gözegçilik edilmegi boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
TÝJK-niň 15-nji maddasynda ýaşaýyş jaý gaznasynyň görnüşleriniň anyk kesgitlenmegi bellärliklidir. Kanunçylyk namanyň düzgünlerine laýyklykda hususy jaý gaznasynyň desgalarynyň eýeçiligi diňe bir fiziki şahslara däl-de, eýsem döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslara hem degişli bolup biler. Şeýle hem maksatlaýyn ulanylmagyna baglylykda, durmuş maksatly peýdalanylýan, ýöriteleşdirilen, özbaşdak, täjirçilik maksadyna ulanylýan ýaşaýyş jaý gaznalary tapawutlandyrylýar. Mundan başga-da, fiziki ýa-da ýuridik şahsyň hususy ýaşaýyş jaýynyň sanynyň we ölçegleriniň çäklendirilmeýändigi kesgitlenendir (23-nji madda).
Şonuň bilen birlikde, ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleri, niýetlenilişi, ýaşaýyş jaýyny ýaşalmaýan jaýa we ýaşalmaýan jaýy ýaşaýyş jaýyna geçirmegiň, gaýtadan enjamlaşdyrmagyň ýa-da onuň meýilleşdirilişini üýtgetmegiň tertibi bilen bagly düzgünler kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý Kodeksinde ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslary berkidildi. Olar jaýy (jaýyň bir bölegini) gurmak; satyn almak-satmak, alyş-çalyş etmek, sowgat etmek; miras boýunça almak; ýörite maksatly ýeňillikli karz pul serişdelerini uzak möhletli esasda almak arkaly tölemek şerti bilen edinmek; kireýine alyjy tarapyndan eýelenýän döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak (tölegli ýa-da muzdsuz alynmak) arkaly eýeçilige edinmek; ýaşaýyş jaý şereketleriniň agzasy tarapyndan ýaşaýyş jaýy üçin paýy doly tölemek arkaly we kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki esaslarda amala aşyrylýar. Raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik hukugyny edinmegi hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin ýörite ýer gaznalaryny döretmek, hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak, şunda uzak möhletleýin ýeňillikli karz serişdelerinden peýdalanmak we beýleki çäreler bilen üpjün edilýär hem-de bellenilen tertipde ipoteka we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki usullar bilen amala aşyrylýar.
TÝJK-niň 43-nji maddasyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýyna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen fiziki we eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslar meýletin başlangyçlarda ýaşaýyş jaý şereketini döretmäge we olaryň agzalary bolmaga haklydyrlar. Şereket ýaşaýyş jaýyny gurmak, edinmek, dolandyrmak we ony agzalarynyň ýaşamagy üçin peýdalanmak maksady bilen döredilýär. Şereketiň agzalary köp öýli ýaşaýyş jaýyny edinmäge, gurmaga, durkuny täzelemäge we saklamaga öz serişdeleri arkaly gatnaşýarlar.
Şonuň bilen bir hatarda, köp öýli ýaşaýyş jaýynyň gozgalmaýan we beýleki emlägine umumy eýeçilik hukugyna degişli kadalar Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň aýratyn babynda berkidilendir. Köp öýli ýaşaýyş jaýynda ýaşaýyş jaý eýeleri köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emläge eýelik edýärler, peýdalanýarlar we kanunçylykda bellenen tertipde ygtyýarlyk edýärler. Köp öýli ýaşaýyş jaýynda ýaşaýyş jaý eýeleriniň ählisi bilelikde işini jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş başlangyçlarynda amala aşyrýan ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketini emele getirýär. Onuň esasy wezipesi köp öýli ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanylmagyny we saklanylmagyny üpjün etmek, köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emläge eýelik etmegiň we peýdalanmagyň şertlerini hem-de tertibini bilelikde kesgitlemek bolup durýar (57-nji madda).
Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç raýatlaryň toparynyň anyk kesgitlenmegi (65-nji madda) bolsa Ýaşaýyş jaý kodeksiniň ynsanperwer-durmuş ugurly häsiýetini açyp görkezýär. Şeýle hem döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan we hasaba kabul edilen raýatlar (umumy sanaw), ilkinji nobatda we nobatsyz almaga almaga hukugy bolan we hasaba kabul edilen raýatlaryň hukuklary degişli maddalarda (67-69-njy maddalar) giňden bellenen.
Ýaşaýyş jaýyny almagyň ýa-da edinmegiň ýene-de bir oňaýly mümkinçilikleriniň biri-de paýly gurluşyk bilen baglydyr. Ol gurluşygyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy üçin, gurujylar tarapyndan paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmeginde alnyp barylýar. Bu ugurdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny bellemekde 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýörite hukuk namasy bolup çykyş edýär. Kanunda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmagyň tertibi, paýly gurluşygyň obýektiniň gurujy tarapyndan paýça berilmeginiň möhletleri, paýçynyň we gurujynyň hukuklary we borçlary, jogapkärçiligi anyk berkidilendir [4].
2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 11-nji aprelindäki “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyny düzgünleşdirmek hakynda” Karary döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrmagyň subýektleriniň eýeçiligine muzdsuz ýa-da muzdly berilmegini hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemekde möhüm hukuk esaslary belleýärler.
2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny döwlet tarapyndan bellige alnan gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň we onuň bilen bagly geleşikleriň ykrar edilmeginiň we goralmagynyň maksady bilen, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we oňa bolan hukuklaryň borçlanmalarynyň, şeýle hem onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň hukuk esaslaryny we tertibini belleýär [5]. Onuň kadalary gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklarynda döwletiň bähbitleriniň we hususy bähbitleriň goralmagynyň hukuk kepilliklerini belleýär.
Ýaşaýyş jaý gaznasynyň obýektleriniň eýeçiliginiň görnüşlerini has takyk kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 11-nji dekabryndaky karary bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk döredildi.
Ýurdumyzyň durmuş ugurly döwlet syýasaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmeginde aýdyň görünýär. Ýaşlaryň maddy taýdan goldanylmagynyň hukuk we guramaçylyk esaslarynyň ýola goýulandygy aýratyn bellenilmäge mynasyp.
Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kepillendirilýär. Ýaş hünärmenleriň döwlet goldawyna degişli hukuk kadalary “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynda kesgitlenilen [6]. Hususan-da, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna ýa-da ýaşaýyş jaýyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmen olar bilen ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär. Iş beriji ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmenleri ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegiň özbaşdak maksatnamasyny bellemäge haklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ipoteka karzlary esasynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga aýratyn üns bermegi netijesinde ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin, olara karz serişdelerini we ýer böleklerini bermek ulgamy ösdürilýär. Ýaşlaryň hukuk we durmuş goragy üpjün edilýär, şol sanda ýaşaýyş jaýyny gurmak we satyn almak, öý hojalygyny edinmek üçin ýaş maşgalalara ýeňillikli karzlar bölünip berilýär.
Şeýlelikde, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak barada döwlet syýasaty ilatyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, maşgala däpleriniň dowamat dowam bolmagynda, ýaş maşgalalaryň berkemeginde, ýaş hünärmenleriň öz dogduk ýerlerinde ornaşmagynda wajyp ähmiýete eýedir. Umuman, yzygiderli kämilleşdirilýän milli ýaşaýyş jaý kanunçylygy halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşýar.
Edebiýat
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023 ý.
2. Türkmenistanyň Raýat kodeksi https://minjust.gov.tm/hukuk/merkezi/hukuk/698
3. Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 3-nji madda.
4. “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 40-njy madda.
5. “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 73-nji madda.
6. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 32, 53-nji madda.