TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

ZÄHMETI YLMY ESASDA GURAMAK – KONSTITUSION WE HALKARA KADALARY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ WAJYP UGRY

ZÄHMETI YLMY ESASDA GURAMAK – KONSTITUSION WE HALKARA KADALARY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ WAJYP UGRY

Ýagmyr NURYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory

Hormatly Prezidentimiz adamyň esasy konstitusion hukuklarynyň biri bolan raýatlaryň zähmet çekmäge hukugynyň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary raýatlary döredijilikli zähmete we demokratik esaslarda jemgyýetçilik işjeňligine höweslendirýär. Raýatlaryň zähmet çygryndaky hukuklaryny üpjün etmekde döwletiň örän ähmiýetli köpugurly wezipeleri bar. Ol şu mümkinçilikleriň döwlet tarapyndan döredilmeginde jemlenýär: döwlet mejbury zähmeti gadagan edýär; zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini üpjün edýär; ilatyň iş bilen doly üpjünçiligine gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar; adamyň öz ykdysady we durmuş bähbitlerini goramaga bolan hukugyny kepillendirýär (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 49-njy maddasy)1. Zähmete bolan konstitusion hukuk köpugurly häsiýete eýedir we ony amala aşyrmagyň dürli görnüşlerini özünde jemleýär. Olaryň has wajyp görnüşleri Konstitusiýada görkezilendir: öz çeken zähmetiň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukuk (49-njy madda), telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady iş bilen meşgullanmaga hukuk (47-nji madda), çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukuk (56-njy madda). Mundan başga-da, zähmete hukuk senetçilik, halk döredijiligi hem-de raýat-hukuk we zähmet şertnamalary boýunça hyzmatlary etmek we işleri ýerine ýetirmek ýaly iş bilen üpjünçiligiň dürli görnüşleri arkaly amala aşyrylyp bilner. Zähmet şertnamasyny baglaşmak zähmete hukugy amala aşyrmagyň esasy görnüşi bolup durýar. Zähmet şertnamasyny baglaşmagyň, üýtgetmegiň we bes etmegiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bilen düzgünleşdirilendir2. Häzirki wagtda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy toplanan tejribäniň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň esasynda kämilleşdirilýär. Zähmete, hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga hukugy amala aşyrmaga gönükdirilen hukuk kadalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmegiň esasynda zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de zähmeti goramak boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, häzirki zaman zähmet bazaryny, işe ýerleşmegiň durmuş kepillikleriniň ulgamyny kemala getirmek boýunça çäreleriň giň toplumy göz öňünde tutulýar3. Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen wezipelerden ugur almak bilen, 2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy4. Resminamanyň maksady ykdysadyýetiň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan islegi öwrenmekden hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, olary zähmet çekmäge höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa, sanly tehnologiýalar boýunça bilimler zerur bolan iş orunlaryny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Zähmet gatnaşyklarynda döwrebap hukuk serişdelerini ulanmak jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Zähmet kanunçylygy zähmetiň netijeliligi, adamyň aň taýdan ösmegi, döretmäge ymtylmagy, hünär ussatlygynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmegiň binýady bolup durýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi ýurduň umumy ykdysady we durmuş taýdan ösüşine düýpli täsirini ýetirýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy bolup durýar. Ýurdumyz bu guramanyň esasy kadalaşdyryjy namalaryna goşulyp, olary milli zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak bilen, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň döwrebap wezipelerini çözmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. HZG-niň iş ýörelgesi üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyga, has takygy, işgäriň, iş berijiniň we hökümetiň bähbitlerini utgaşdyrmagyň üpjün edilmegine esaslanýar. Şoňa laýyklykda işgärleriň, iş berijileriň we hökümetiň wekilleriniň işi döretmäge, guramaga, şol guramanyň ähli edaralarynyň çärelerini geçirmäge gatnaşmagy üpjün edilýär. Zähmeti guramak işine gatnaşylmagy dünýä tejribesine esaslanan zähmet kanunçylygynyň kadalaryny işläp taýýarlamaga, telekeçiligi ösdürmäge we işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda we zähmet gatnaşyklaryny guramakda HZG-niň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgesi berjaý edilýär. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda „Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de onuň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girmegi üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgesini amala aşyrmakda möhüm ädim boldy. Bu Kanuna laýyklykda, Toparyň işi oňa işgärleriň wekiliniň we iş berijileriň wekiliniň gatnaşmagynyň meýletinligine, taraplaryň ygtyýarlylygyna, özbaşdaklygyna we garaşsyzlygyna, deňhukuklylygyna, bähbitlerine hormat goýulmagyna we olaryň nazara alynmagyna, ara alyp maslahatlaşmak üçin girizilýän meseleleriň sanawyny saýlamak erkinligine, taraplar tarapyndan borçnamalary kabul etmek meýletinligine, taraplaryň kabul eden borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygyna, borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçiligiň bellenmegine esaslanýar (4-nji madda)5. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 10-21-nji iýunynda HZG-niň Ženewadaky (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda HZG-niň halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň 108-nji mejlisi 1919-njy ýylda döredilen HZG-niň 100 ýyllygynyň baýram edilmeginiň esasy wakasy boldy. Halkara zähmet guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolup, 178 döwlet onuň agzasydyr. Her ýyl çagyrylýan, HZG-niň agza-wekillerinden ybarat bolan halkara zähmet maslahaty HZG-niň ýokary edarasy bolup durýar. Halkara zähmet guramasy, esasan, halkara zähmet standartlaryny kabul etmek, adamyň esasy hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen halkara syýasatyny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, zähmet we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak hem-de iş bilen üpjünçiligi artdyrmak, hünär howpsuzlygy meseleleri, işçi-migrantlary goramak hem-de zerur bolan iň pes zähmet hakyny bellemek bilen meşgullanýar. Şeýle hem ol ösýän ýurtlara tehniki kömegi bermäge ygtyýarly bolup, onuň ahyrky maksady iş bilen üpjünçiligiň halkara maksatnamasyny düzmekden, şeýle hem barlaglary alyp barmagyň, taýýarlygyň, okuwyň we neşiriň maksatnamalarynyň esasynda kadalary döretmekden we tehniki hyzmatdaşlygy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. HZG-niň tertipnamasynyň preambulasynda görkezilişi ýaly, ol durmuş adalatlylygyna ýardam etmegiň hem-de ony ösdürmegiň esasynda ählumumy we mäkäm parahatçylygyň ýola goýulmagyna ýardam etmelidir. Şoňa laýyklykda, esasy wezipeler kesgitlenýär, hereketleriň anyk maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. HZG-niň işi köpdürlüdir, emma däp bolşy ýaly, onuň wezipeleriniň binýadyny kada döredijilik işi emele getirýär. HZG-niň halkara-hukuk namalary mazmuny boýunça şu toparlara bölünýär: zähmet babatda adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny goraýan namalar; iş bilen üpjün etmäge, işsizlikden goramaga degişli namalar; zähmet şertlerini düzgünleşdirýän namalar; tehniki howp suzlyk we önümçilik sanitariýasy boýunça namalar; hukuk goragyna mätäç bolan işgärleriň zähmetini düzgünleşdirýän namalar; işgärleriň, iş berijileriň, döwletiň hyzmatdaşlygyny düzgünleşdirýän, şeýle hem beýleki birnäçe alamatlar boýunça namalar. Önümçilik işiniň islendik çygrynda zähmeti dogry guramak üçin ol ýa-da beýleki işi ýerine ýetirmäge zähmetiň näçe mukdarynyň, dürli hünärli we derejeli işgärleriň näçesiniň gerek boljakdygyny bilmek zerur. Başgaça aýdylanda, ozaly bilen, her bir işgäriň zähmetiniň çägini kesgitlemek derwaýys. Zähmetiň çägi bolsa, zähmet kadasynda öz beýanyny tapýar. Işiň tabşyrylan möçberini ýerine ýetirmek üçin zähmet harajatlarynyň zerur bolan ululygyny kesgitlemek zähmeti kadalaşdyrmagyň düýp esasyny düzýär. Zähmetiň kadalaşdyrylmagy we ylmy taýdan guralmagy işiň ähli ugurlarynda möhüm ähmiýete eýedir. Zähmetiň ylmy esasda guralmagyny kämilleşdirmek — köptaraply we çylşyrymly iş. Ýörite edebiýat çeşmelerinde umumy ykrar edilen kesgitlemä laýyklykda, zähmeti ylmy esasda guramak — bu zähmeti ylmyň gazananlarynyň we öňdebaryjy tejribäniň esasynda guramagy kämilleşdirmek işidir. „Zähmeti ylmy esasda guramak” adalgasy, adatça, aýratyn alnan zähmetkeşler köpçüliginiň çäklerinde zähmeti peýdalanmagyň guramaçylyk görnüşleriniň gowulandyrylmagyny häsiýetlendirýär. Işe sarp edilýän wagty tygşytlamak zähmeti ylmy esasda guramagyň usullaryny ulanmagyň ahyrky maksady bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde bolsa, bu maksada, esasan, sanly usullary peýdalanmak arkaly ýetilýär. Ylmylyk, toplumlaýynlyk, amatlylyk, ykdysady netijelilik we ynsanperwerlik zähmeti ylmy esasda guramagyň esasy ýörelgeleri bolup çykyş edýär. Sebäbi zähmeti guramak hakynda obýektiw maglumatlary almak üçin zähmet proseslerini barlamak we seljermek gerek. Zähmeti guramak boýunça işlenip taýýarlanylan, belli bir ykdysady netijäni göz öňünde tutýan toplumlaýyn çäreler adamyň saglygyny goramaga, zähmetiň mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Zähmeti ylmy esasda guramagyň çäklerinde zähmet bölünişiginiň görnüşlerini kämilleşdirmek, iş orunlarynyň guralmagyny gowulandyrmak, iş usullaryny rejelemek, zähmetiň kadalaşdyrylmagyny amatlaşdyrmak, işgärleri taýýarlamak ýaly wezipeler çözülýär.Gös-göni önümçilik işine gatnaşýan işgärleriň bilim we hünär derejesi olaryň zähmetiniň mukdaryna we hiline düýpli täsir edýär. Bilim adamyň aň mümkinçiliklerini üznüksiz ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki maglumatlar eýýamynda bilim önümçiligiň, alyşmagyň we sarp etmegiň esasy serişdesine öwrülýär. Tehnologiýalaryň ösmegi, ýöriteleşdirilen bilimleri we başarnyklary talap edýän işiň görnüşleriniň sanynyň artmagy bilen baglylykda, bilimleriň hünär hökmünde özleşdirilmeginiň gerimi giňelýär. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly durnukly ykdysady ösüşiň talaplaryny ugur edinýän hünärleriň sany barha artýar, önümçiligiň we bilimiň arasyndaky baglanyşyk güýçlenýär. Aň zähmeti, maglumatlar bilen işlemek we bilimleriň yzygiderli üstüni ýetirmek zähmet gatnaşyklarynyň ähli subýektleriniň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagynyň şertleri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, bilimiň jemgyýetçilik durmuşyndaky, ykdysady we zähmet proseslerindäki orny täze mazmuna eýe bolýar. Häzirki döwrüň işgärini häsiýetlendirýän we oňa sanly ykdysadyýetiň şertlerinde artykmaçlyklary berýän aýratynlyklaryň şu sanawy umumy ykrar edilendir: — innowasion işe taýýarlygy; — zähmetiň esasyny düzýän sanly maglumatlary işläp taýýarlamaga we bahalandyrmaga taýýarlyklylygy;- dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmak, amatly çözgütleri kabul etmek, ýüze çykýan meseleleri seljermek başarnygy;- şahsy we jemagat bähbitlerini utgaşdyrmaga, öz işgärler köpçüliginiň içinde we beýleki zähmetkeş köpçülikleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga taýýarlygy; — başlangyçlylygy, başarjaňlygy; — üznüksiz bilim we hünär derejäni ýokarlandyryş ulgamyna goşulmagy; — ynsanperwer we tehniki, tehnologik medeniýetiň utgaşyklylygy; — hünär ussatlygy, hünär derejeliligi. Şeýlelikde, bilim döredijilikli pikirlenmäge, başarnyklary ösdürmäge ukyply ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesini ýerine ýetirýär. Häzirki zaman jemgyýetinde bilimleri hünär bilen utgaşdyrmak meýli hem ýokarlanýar. Munuň özi tehnologiýalaryň ösmegi, ýöriteleşdirilen bilimleri we başarnyklary talap edýän işiň görnüşleriniň artmagy bilen şertlenendir. Şunda zähmetiň ylmy esas-da işlenip taýýarlanylan kadalary, şeýle hem olaryň dogry bellenmegi işgärleriň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna, işgärleriň döredijilik işjeňliginiň we başarjaňlygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ylmy-tehniki taýdan esaslandyrylan kadalaryň mundan beýläk-de ulanylmagyny has-da giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak zähmeti kadalaşdyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna öwrülýär. Umuman, Türkmenistanda zähmeti ylmy esasda guramak arkaly zähmete bolan konstitusion hukugy amala aşyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Zähmet işiniň guralmagyny kämilleşdirmek boýunça milli kanunçylyk namalar, şeýle hem meýilnamalar munuň subutnamasy bolup çykyş edýär. Milli maksatnamalar iş bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, zähmet hukuklarynyň derejesini ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny giňeltmek we durmuş hyzmatdaşlygyna ýardam etmek ýaly toplumlaýyn ugurlary öz içine alýar. Türkmenistanda raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar hem-de işgärlere berilýän ýeňillikler zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge we döredijilikli zähmetiň netijeliligini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanda halkara zähmet hukugynyň we milli zähmet kanunçylygynyň baglanyşygyny hem-de sazlaşygyny kesgitleýän kadalar toplumy bar. Kadalaryň bu toplumy zähmet gatnaşyklarynda yzygiderli amala aşyrylýar.

EDEBIÝAT

1. Türkmenistanyň Konstitutiýasy. — A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.

2. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi. — A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. — A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

4. „Türkmenistan” gazeti. 2019-njy ýylyň 15-nji iýuny.

5. „Türkmenistan” gazeti. 2018-nji ýylyň 8-nji noýabry.